- TM
- RU
Myhmany güler ýüz bilen garşy almak pederlerimiziň bize goýan mirasy. Bu asylly ýol-ýörelge indi dünýäni özüne çekýär. Myhman gelse, gadyrly garşy alyp, saçagy giňden ýazýan türkmen halky ýakyn-u-alysdan gelýän dostlukly halklara dostuň dosta, goňşynyň goňşa nusgalyk sylag-hormatyny açýar.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçýän günlerinde toý lybasyna beslenen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäde ekologiýa taýdan arassa we gözel künjek hökmünde ýüreklere ýol salýar. Bu künjege myhman bolýanlar mähir bilen garşylanýar we bu ýeriň täsin ýerleri bilen tanyşdyrylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän her bir myhmanhanada we sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bolanyňda, birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk işleriniň guramaçylykly ýola goýlandygy bada-bat ünsüňi çekýär. Hazaryň türkmen kenaryna ýaraşyk berýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde hem myhmanlara döwrebap hyzmat edilýär. Munda dynç alýanlar arassa kenarda gezelenç etmäge, bu ýeriň gözellikleri bilen tanyşmaga, welosipedli gezelenç etmäge döredilen mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezi 2010-njy ýylyň 1-nji iýunynda şatlyk-şowhunyň astynda açylyp ulanylmaga berildi. Birbada çagalaryň 280-sini, ulularyň 120-sini kabul etmäge mümkinçiligi bolan sagaldyş merkezi ýylyň dört paslynda-da doly güýjünde hereket edýär. Merkeziň ähli otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylandygy bilen özüne çekýär. Ulular we çagalar üçin niýetlenen binalarda çagalar üçin oýun otaglary, internet-kafe, disko-bar, bilýard zaly, kitaphana, dynç alyş otaglary halkyň hyzmatynda.
«Daýanç» sagaldyş merkeziniň çäginde saglyk bölümi, medeniýet öýi, naharhana, şeýle hem woleýbol, futbol, basketbol, uly we kiçi tennis oýunlary üçin açyk we ýapyk sport toplumy bar. 280 çaga niýetlenen amfiteatr çagalaryň medeni çäreleriniň geçirilýän ýeri bolup hyzmat edýär. Çagalaryň suwa düşmegi we ýüzmegi üçin niýetlenen giň göwrümli, gyzdyrylan deňiz suwly howuz ýapyk binada ýerleşýär.
«Daýanç» sagaldyş merkeziniň saglyk binasynyň ikinji gatynda lukmanlaryň kabul edýän otaglary bolup, bu ýere gelýänlere diş bejerýän otag, ginekologyň otagy, fizioterpiýa we suw bejergisiniň birnäçe görnüşleri, parafinli we palçykly bejergiler, owkalama, mehaniki owkalama kreslosy we saglygy berkidýän hyzmatlaryň birnäçesi hödürlenýär.
Ogulgerek Jumageldiýewa:
— Çaga bagtyýar bolanda, ol sagdyn ösýär. Sagdyn nesiller biziň mähriban Watanymyzyň geljegi. Bagtyýar hem sagdyn nesilleriň şatlygyna şaýat bolmagyň özi uly bagt. Bizi şu egsilmez bagta ýetiren Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, umumadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris — diýip, ýürek joşgunyny beýan etdi.
«Daýanç» sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň ýollanmalar we nagt hasaplaşyklar esasynda dynç alşyny guramak we saglygyny berkitmek, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde dynç almagyna we wagtlaryny şatlykly geçirmegine ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda «Daýanç» sagaldyş merkezi daşary ýurtly çagalaryň hem dynç alýan, saglygyny berkidýän, olar bilen köpçülikleýin halkara medeni we sport çäreleriniň guralýan ýerine öwrüldi. Ajaýyp kenarda ýerleşýän merkezde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn Geňeşleriniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmeleriniň okuw-maslahatlary yzygider guralýar. 2010-njy ýyldan bäri bu ýerde ýurdumyzyň çagyryşy boýunça 60-dan gowrak döwletden çagalar gelip dynç aldylar we saglyklaryny berkitdiler.
Geçen ýyllaryň dowamynda sagaldyş merkezinde ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilen medeni we sport çärelerini, halkara çagalar festiwallaryny ýatlanyňda, bu ýeriň çagalaryň we ulularyň dostlaşýan, doganlaşýan, tejribeleriň artýan, täze-täze mümkinçilikleriň açylýan mekanyna öwrülendigi barada ýakymly pikirler seriňe dolýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gojaman Hazaryň tolkunlarynyň sesi her bir adamy özüne maýyl edýär. Deňiz tolkunlarynyň ajaýyp owazyna gulak goýýarsyň. Şonda ol jadyly owazlar kalbyňy täsin duýgulara gaplaýar. Ol owaz hemmeleri özüne imrindirýär. Hawa, bu deňiz tolkunlarynyň hiňlenýän «Awaza» mukamynyň gudraty bolup dünýä dolýar.
Amangül NURMYRADOWA,
«Watan». «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy.