Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Makalalar

Ýeňiji bolandygymyz baradaky şatlykly habar etrabymyz bilen birlikde tutuş welaýatymyzyň zähmetkeşlerini çäksiz begendirdi. Şa serpaýy 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy G.Baýramowa tarapyndan, giň jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda, Lebap welaýat häkimliginde etrabymyzyň häkimi Hasan Metkulyýewe dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmen halkynyň agzybirlikde, uly taýýarlyklar arkaly garşylaýan, şeýle-de üstümizdäki ýylyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalarynyň naýbaşylarynyň birine öwrüljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynda aýratyn ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki ägirt uly tutumlarynyň bütindünýä ykrarnamasyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, beýik üstünliklere beslenýär. Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz tutuş dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar.

Ýakyn wagtda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Bu möhüm syýasy çärä ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şu günlerden uly taýýarlyk işleri görülýär.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna bolan iş saparynda ýurdumyzyň himiýa toplumyny ösdürmekde alnyp barylýan möhüm gurluşyklar bilen içgin tanyşmagy biziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Tebigy serişdelere baý bolan sebitiň ösmegi ýurdumyzyň ykdysady we durmuş özgertmeleri bilen baglanyşyklydyr. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmegiň mümkinçilikleri we geljegi täzeçe açylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzda azyk bolçulygyny  döretmek, halkyň gündelik sarp edýän harytlarynyň elýeterli bolmagyny yzygiderli üpjün etmek ýaly aladalaryna jogap edip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetine degişli edara-kärhanalarda uly işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen halkynyň baky bagtynyň kepiline öwrülip, biziň her birimizi döredijilikli, öndürijilikli işlere ruhlandyrýar, röwşen geljegimize bolan ynamymyzy öňküdenem pugtalandyrýar. Şonuň üçinem bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, beýik üstünliklere beslenýär, agzybir, zähmetsöýer türkmen halkynyň, biziň ähli ösüşlerimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň şan-şöhraty täze belentliklere göterilýär.

Hormatly Prezidentimiziň dӧwletli tutumlaryndan ýakym- ýaraşyk alýan ajaýyp dӧwrümiziň ýene-de bir şanly ýyly beýik üstünlikler bilen tamamlanyp, ӧz nobatyny üstümizdäki 2017-nji — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna berdi. Turuwbaşdan şan-şӧhrata, sporta beslenjekdigini aýdyňlygy bilen subut edýän 2017-nji ýylymyzda uly wakanyň — Ýapyk binalarda we sӧweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi ӧrän guwandyryjy wakadyr.

Şu ýylyň 12-nji fewralynda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin welaýatymyzda ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýatymyzda saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin düzülen meýilnamalar esasynda anyk işleriň durmuşa geçirilmegi bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň degişli kanunçylyga hem-de demokratik ýol-ýörelgelere laýyklykda geçiriljekdigini alamatlandyrýar.

Düýedarçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz bu malyň üýtgeşik häsiýeti bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary nesillere miras galdyrypdyrlar. Ykbalyny maldarçylyga  bagyşlan zenanlaryň taýýarlan düýe çalyny içip gören onuň tagamyny uzak wagtlap ýadyndan çykarmaýar.

Страницы

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.