Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Makalalar

Ýaňy-ýakynda welaýat baş maliýe müdirliginde döwlet edaralarynyň we pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň, Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, gaznaçylarynyň we derňew toparlarynyň başlyklarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda milli kanunçylygy pugtalandyrmak, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan täze kanunlary işläp taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde möhüm meseleleri goýdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz boýunça her ýyl geçirilýän ýylyň iň gowy etraby bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak biziň Ýolöten etrabymyzyň paýyna düşdi.

Her ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşmagy, ýylyň dowamynda kanun çykaryjylyk babatda edilen işleri seljermegi we olara baha bermegi,öňde duran wezipeleri, ýurdumyzy ýokary depginler bilen  ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy asylly däpleriň birine öwrüldi. Ýakynda hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen däbe öwrülen duşuşygyny geçirdi.

DERWEZE. Etrap häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň welaýat komitetiniň, welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň işewür agzalary, şeýle hem edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýaňy-ýakynda Gurbansoltan eje adyndaky etrap merkezindäki 2-nji orta mekdepde meşhur halypa bagşy Magtymguly Garlyýewiň ýatlama güni geçirildi. 

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçiligi kämilleşdiriş müdirliginde TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler ärkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsüzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz şäherindäki Çörek zawody ilatyň gündelik isleg bildirýän önümlerini öndürmekde möhüm orny eýeleýär. Kärhanada her günde 1,5 tonna töweregi çörek we çörek önümleri öndürilip, ilata ýetirilýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi ýüz ýaşy arka atan ilkinji türkmen zurnalistleriniň biri Baba Garaýew bilen duşuşyk gurady. Oňa welaýatyň dürli ýerlerinden kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň uly topary, welaýatda zähmet çekýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, zurnalistler gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşi 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw geçirmek boýunça karar kabul etdi.

Страницы

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.