Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap eziz Diýarymyz belent ӧsüşleriň, üstünlikleriň ýoly bilen ӧňe barýar. Halkymyzy has hem bagtyýar durmuşda ýaşatmak, halal zähmete, bagtly geljege ruhlandyrmak wezipeleri milli Liderimiziň baş maksadyna ӧwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen başy başlanan Mirasa sarpa goýmak, Watany ӧzgertmek ýylymyzyň her bir güni taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylamak hyjuwy bilen joşýan ildeşlerimiziň kalbyna ganat, durmuşyna zynat berýär.
Daşoguz şäheriniň etegine gol berip oturan gözel künjekde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tomus paslynyň ilkinji günlerinden bagtyýarlygyň hem şatlygyň görkana keşbine beslendi.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Diýarymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gül-gunçalary bolan çagalaryň tomusky dynç alşyny şadyýan, many-mazmunly geçirmek barada uly aladalar edilýär.
Ynsan üçin iň gymmatly zat saglykdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny goramak döwletimiziň baş maksatlarynyň biri bolup durýar.
Köňli nurana halkymyz aýlaryň serweri mukaddes Oraza aýyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylygyň, ata-enä, uly-kiçä sylag-hormatyň, tagat-ybadatyň, ýagşylygyň, ynsanperwerligiň aýy bolan Remezan aýynda doga-dilegler kabul bolýar.
Bu kärhanada kuwwatly tehnikalaryň sesi gije-gündiz ýatmaýar. Ine, agyr ýük göterýän awtoulag uzak menzilleri geçip, derwezeden girip gelýär. Alysdaky gaz ýatagy üçin zerur ýükler ýüklenen ýene bir awtoulag bolsa ýola düşýär. Bu görnüş «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulaglar kärhanasy üçin adaty ýagdaýdyr. Kärhananyň ezber sürüjileri dürli kysymly ulag serişdelerine başarjaňlyk bilen erk etmek arkaly möhüm sargytlary bellenilen möhletinde, ýokary hilli ýerine ýetirmegi başarýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda «Nebitdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligimizde bitirilýän işler has-da görnüklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň çar künjeginde gurdurýan döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpeler özleriniň gyşky hem-de tomusky dynç alşyny göwnejaý hem peýdaly geçirýärler.