Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýadro synaglarynyň ählumumy gadagan etmek hakyndaky Şertnama boýunça Guramasynyň (ÝÝSGŞG) Taýýarlyk görüş toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbony kabul etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda demokratik jemgyýeti mundan beýläkde kämilleşdirmek ýoly bilen barha öňe barýan Türkmenistanda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň birsyhly ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmelerdir strategiki ähmiýetli maksatnamalar yzygider ýagdaýda durmuşa geçirilýär.

Golaýda BMG tarapyndan ykrar edilen halkara maýyplar gününe bagyşlanyp, şäherimizde ýerleşýän «Altyn asyr» toý mekanynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň ýardam bermeginde, Türkmenistanyň kӧrler we kerler jemgyýetiniň Daşoguz welaýatynyň ilkinji guramasynyň müdirligi we bu jemgyýetiň Daşoguzdaky okuw ӧnümçilik kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdi.

4-nji dekabrda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. Ol Milli baýrama — baky Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

Şu gün Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahaty tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüniň “Şat” zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medalyny gowşurdy. 

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. Ol ýetip gelýän baýramçylyga - biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler ýurdumyzyň çar künjünde giň gerime eýe bolýar.

Страницы

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.