- TM
- RU
Türkmenistanyň Kärdeşler arakalaşyklarynyň Tertipnamasy 1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň I dörediji gurultaýynda kabul edildi.
Tertipnama üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky karary esasynda girizildi
TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ
TERTIPNAMASY
I. Umumy düzgünler
1. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary (mundan beýläk – kärdeşler arkalaşyklary) öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak üçin kärhanalarda, edaralarda, guramalarda we okuw mekdeplerinde (mundan beýläk - kärhana) özleriniň kärleri boýunça umumy bähbitleri bolan raýatlaryň meýletin birikmesidir.
2. Kärdeşler arkalaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Kärdeşler arkalaşyklaryny, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Kanunlaryna we şu Tertipnama laýyklykda hem-de Türkmenistan tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň ýörelgelerine esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Döwlet adam üçindir!“ diýen esasy ýörelgesinden ugur alyp, öz wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýärler.
Kärdeşler arkalaşyklary umumadamzat gymmatlyklary ugrunda çykyş edýärler, Türkmenistanyň demokratik, hukuk, dünýewi döwlet hökmünde berkemegine ýardam berýärler.
3. TKA syýasy maksat tutmaýan, özbaşdak, garaşsyz, öz - özüni dolandyrýan jemgyýetçilik birleşigi bolmak bilen, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralary, iş berijiler, jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklaryny deň hukukly hyzmatdaşlyk we özara hoşniýetli düşünişmek ýörelgelerinde guraýar.
4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde TKA daşary ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklary, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara birleşikleri bilen aragatnaşyk saklaýar we hyzmatdaşlyk edýär.
5. TKA öz agzalarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça tertipnamalaýyn maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketinde bitewiligi berkitmek, şeýle hem ähli guramalaryna we edaralaryna ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezini (mundan beýläk - TKAMM) döredýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň türkmen dilindäki ady:
a) doly ady: “Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary”
b) gysgaldylan ady: “TKA”
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň rus dilindäki ady:
a) doly ady: «Профессиональные союзы Туркменистана»
b) gysgaldylan ady: «ПСТ»
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň iňlis dilindäki ady:
a) doly ady: “Trade Unions of Turkmenistan”
b) gysgaldylan ady: “TUT”
6. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öz emblemasy we beýleki nyşanlary bardyr.
Emblemanyň ýokarky böleginiň ýaşyl düşeginde, ýarym aýlaw görnüşde ak reňkde “TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY” diýlip birleşmäniň ady görkezilen. Emblemanyň aşyky böleginde açylyp goýlan ak reňkli kitabyň we onuň ýokarsynda ýerleşdirilen altynsow reňkdäki ak bugdaý sümbüliniň on iki dişli ak teker görnüşli halka bilen jäheklenmegi ägirt mümkinçilikleri bolan berketli türkmen topragyndaky bolçulygy we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda ýurdumyzyň diňe öňe, ösüşleriň täze belentliklerine tarap okgunly hereket edýändigini aňladýar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň emblemasy öz agzalarynyň knauny hukuklaryny goraýar, jemgyýetimizde agzybirligiň we jebisligiň berkemegi, milli demokratiýanyň çünlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýän, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşýan we kärleri boýunça umumy bähbitleri bolan raýatlaryň meýletiň birleşmesidigini aňladýan nyşandyr.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hukuk salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby, Garaşsyzlyk şaýoly, 104.
II. Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary,
olaryň hukuklary we borçlary
7. Şu Tertipnamany ykrar edýän we ýerine ýetirýän, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynda agzalykda durýan, agzalyk tölegini töleýän Türkmenistanyň islendik raýaty kärdeşler arkalaşygynyň agzasy bolup biler.
8. Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalygyna şahsy arza esasynda kärdeşler arkalaşygynyň toparynyň, ilkinji guramasynyň ýygnagynda ýa-da komitetiniň mejlisinde kabul edilýär. Kärdeşler arkalaşyklaryna kabul edilenlere bellenen nusgadaky agzalyk şahadatnamasy gowşurylýar.
9. Kärdeşler arkalaşygynyň birinden beýlekisine geçende, wagtlaýyn ýa-da bütinleý işini bes edende, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen aragatnaşyk saklan şertlerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň agzasynyň agzalyga bolan hukugy saklanyp galýar.
10. Kärdeşler arkalaşygynyň agzasynyň aşakdakylara hukugy bardyr:
- häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, iş berijileriň öňünde öz kanuny hukuklaryny, bähbitlerini goramak we olara wekilçilik etdirmek üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň islendik guramasyna ýüz tutmaga;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň durmuş arkalaşyk kömeginden we goldawyndan peýdalanmaga, edaralaryndan mugt hukuk, beýleki kömekleri we maslahatlary almaga;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalaryna we edaralaryna hödürlemäge, saýlamaga we saýlanmaga;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň ýygnaklarynda, mejlislerinde, konferensiýalarynda, gurultaýlarynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işi baradaky meseleleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga;
- karar kabul edilýänçä öz pikirinde durmaga we olaryň işini gowulandyrmak boýunça teklip girizmäge;
- şahsy arzasynyň esasynda kärdeşler arkalaşyklaryndan meýletin çykmaga.
11. Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzasy aşakdakylara borçludyr:
- şu Tertipnamany berjaý etmäge we kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň kararlaryny ýerine ýetirmäge;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalary bilen iş berijileriň arasyndaky baglaşylan köpçülikleýin şertnamalar ýa-da ylalaşyklar boýunça borçlaryny ýerine ýetirmäge, ak ýürekden zähmet çekmäge;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň işine işjeň gatnaşmaga;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketiniň bitewiligine zyýan ýetirýän hereketlere ýol bermezlige;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalyk töleglerini tölemäge;
- şu Tertipnamadan gelip çykýan beýleki borçlary berjaý etmäge.
12. Kärdeşler arkalaşyklaryndaky janypkeş çekilen zähmet TKAMM-yň Hormat haty, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň beýleki sylaglary bilen bellenip bilner.
13. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň we olaryň edaralarynyň tertipnamalaýyn talaplaryny ýerine ýetirişi, şeýle hem arkalaşyklaryň bähbitlerine dahylly beýleki meseleler boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryny diňlemäge hukuklary bardyr.
14. Azatlykdan mahrum edilen, kärdeşler arkalaşygynyň agzalygyndan çykarylýar.
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýa-da kazyýet tarapyndan iş kesilenlik aýby aýrylan hasap edilen halatynda kärdeşler arkalaşyklaryndan çykarylan raýat umumy esaslarda agzalyga kabul edilip bilner.
III. Kärdeşler arkalaşyklarynyň maksatlary, umumy
wezipeleri we ygtyýarlyklary
15. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak baradaky maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ilkinji guramalarynyň, pudaklaýyn Geňeşleriniň, çäk birleşikleriniň, Milli merkeziň üsti bilen şu aşakdaky esasy wezipeleri, ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar:
-.Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-ykdysady, zähmet we beýleki hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik edýärler hem-de olary goraýarlar;
- öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, iş berijiler bilen kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, işgärleriň adyndan köpçülikleýin şertnamalary, şeýle hem pudaklaýyn ylalaşyklary we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen ylalaşyklary düzmäge gatnaşýarlar hem-de olary baglaşýarlar;
- şertnamalara, ylalaşyklara önümçiligi ösdürmek, iş bilen üpjün etmek, işiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak, zähmetiň dogry guralyşyny, çekilen zähmete laýyk hem-de öz wagtynda hak tölenilişini üpjün etmek, işgärler üçin howpsuz hem sagdyn iş şertlerini döretmek, olar we maşgala agzalary üçin ýaşaýyş jaý, dynç alyş, saglygyny dikeldiş şertlerini gowulandyrmak barada kadalaryň we düzgünleriň girizilmegini gazanýarlar, şertnamalaryň we ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik edýärler;
- Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik barlagynyň we gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;
- öz agzalaryna maddy arkalaşyk kömegini berýärler;
- jemgyýetde sagdyn durmuşy, ruhubelentligi, päkize ahlaklylygy, agzybirligi we jebisligi berkarar etmäge gatnaşýarlar;
- öz guramalaryna we edaralaryna guramaçylyk, usulyýet, maslahat we beýleki kömekleri berýärler, işgärlerini we işewür toparlaryny okatmaklygy guraýarlar;
- şu Tertipnamadan we Türkmenistanyň kanunçylygyndan gelip çykýan beýleki wezipeleri we borçlary berjaý edýärler;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öz tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
16. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň we edaralarynyň şu aşakdakylara hem hukugy bardyr:
- eýeçiligiň görnüşine garamazdan hojalygy dolandyryş edaralardan, iş berijilerden işgärleriň ýaşaýyş jaý-durmuş şertleriniň ýagdaýy we durmuş goraglylygynyň derejesi barada, şeýle hem olaryň bähbitlerine we hukuklaryna dahylly beýleki meseleler barada gerekli maglumatlary almaga;
- Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň berjaý edilişine, durmuş-ykdysady ýagdaýlaryna dahylly Türkmenistanyň kanunlarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmäge we seljermäge gatnaşmaga;
- Türkmenistanyň kanunlaryna garşy gelýän, zähmetkeşleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini çäklendirýän dolandyryş çözgütlerini ýatyrmak ýa-da wagtlaýyn togtatmak barada döwlet edaralaryna, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýet, hojalygy dolandyryş edaralaryna teklip girizmäge.
17. Kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly guramalary we edaralary esasy tertipnamalaýyn wezipeleriniň we ygtyýarlyklarynyň çäklerinde öz aşaky guramalaryna we edaralaryna käbir hukuklaryny geçirip bilerler.
IV. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramaçylyk gurluşynyň ýörelgeleri
18. Kärdeşler arkalaşyklary öz işlerini we özara gatnaşyklaryny aşakdaky ýörelgelere laýyklykda guraýarlar:
-.zähmetkeşleriň bähbitleriniň hatyrasyna kärdeşler arkalaşyklarynyň bitewiligi we arkalaşygy;
-.kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli agzalarynyň we guramalarynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işine deňhukukly gatnaşygy;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň saýlawlylygy;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokarky guramalarynyň kararlarynyň aşaky guramalar we edaralar üçin ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygy we aşaky guramalarynyň ýokarky guramalaryň öňünde wagtly-wagtynda hasabatlylygy;
- azlygyň bähbitlerini, olaryň öz garaýyşlaryny düşündirmäge bolan hukuklaryny hormatlamak;
- şu Tertipnamany we kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokarky guramalarynyň kararlaryny berjaý etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň hut özleriniň jogapkärçiligi.
19. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramaçylyk gurluşy önümçilik-pudaklaýyn we ýerli ýörelgeleriň sazlaşygyna esaslanýar we aşakdaky birleşmeleri özünde jemleýär:
- kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalaryny;
- pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklaryny;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmelerini;
-Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezini.
Olarda gündelik işi alyp barmak üçin işgärlerine hak tölenýän edaralary döredilip bilner.
20. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň ýokary edarasy ýygnakdyr (konferensiýadyr), pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary üçin konferensiýadyr.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary üçin ýokary ýolbaşçy edara gurultaýdyr. Bu edaralaryň ygtyýarlyklary şu Tertipnama we TKAMM-yň beýleki resminamalary bilen kesgitlenýär.
Ilkinji guramanyň konferensiýasynyň wekillerini saýlamagyň tertibini we olaryň san düzümini ilkinji guramanyň komiteti, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň konferensiýasynyňkyny, TKA-nyň gurultaýynyňkyny bolsa TKAMM kesgitleýär.
21. Eger-de, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň, saýlawly edaralarynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, kärdeşler arkalaşyklarynyň ýygnaklary, mejlisleri ygtyýarly hasap edilýär.
Eger-de, saýlanan wekilleriň azyndan üçden ikisi gatnaşýan bolsa, kärdeşler arkalaşyklarynyň konferensiýalary, gurultaýlary ygtyýarly hasap edilýär.
Zerur mukdardaky adam sany ýeterlik bolup, ýygnaga gatnaşýanlaryň, konferensiýanyň, gurultaýyň wekilleriniň, kärdeşler arkalaşygynyň saýlawly edarasynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi ses beren bolsa, karar kabul edilen hasaplanylýar (şu tertipnamanyň 47-nji, 53-nji we 65-nji bölümlerinden özgesi)
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň hasabat-saýlaw ýygnagy
(konferensiýasy) guramanyň başlygynyň ýa-da komitetiniň we derňew toparynyň işi baradaky hasabatlaryny diňleýär, olaryň täze düzümini saýlaýar we geljek döwür üçin işiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
22. Kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly edarasyny döretmek, onuň agzalaryny gös-göni ýygnakda, konferensiýada, gurultaýda teklip etmek we saýlamak ýa-da kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ýokarky edarasynyň bellän sanyna we tertibine laýyklykda saýlawly edaranyň agzalygyna wekil ibermek arkaly amala aşyrylýar.
23. Kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly edarasynyň saýlawynyň tertibi, onuň san düzümi we ses bermegiň görnüşi kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň ýygnagyna gatnaşýan kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň, konferensiýa, gurultaýa gatnaşýan wekilleriň sesleriniň köplügi bilen kesgitlenilýär.
24. Kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly edaralarynyň saýlawynda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň dalaşgär görkezmäge, olara garşy durmaga we olaryň islendik birini tankytlamaga hukuklary bardyr.
Ýygnaga gatnaşýanlaryň, konferensiýa, gurultaýa gatnaşýan wekilleriň ýarysyndan köpüsiniň sesini alan dalaşgär saýlanan hasaplanylýar.
25. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ynamy ödemedik topar başlygynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň, komitetiniň başlygynyň we agzalarynyň möhletinden öň saýlawyny kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň üçden biriniň talaby, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetiniň ýa-da ýokarky guramasynyň karary bilen geçirip bolar.
Şu ýagdaýlarda mesele degişlilikde kärdeşler arkalaşyklarynyň ýygnagynda (konferensiýasynda), onuň saýlawly edaralarynyň mejlisinde çözülýär.
26. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň we saýlawly edarasynyň ýolbaşçysyny öz haýyşy boýunça wezipesinden boşatmak işleýän, ýaşaýan ýerini üýtgedenligi we beýleki delilli sebäplere görä kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly edarasy bilen aragatnaşygy ýitiren agzalaryny onuň hataryndan çykarmak, olaryň deregine başgalary saýlamak kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli saýlawly edaralarynyň mejlislerinde we guramanyň ýygnagynda (konferensiýasynda) amala aşyrylýar.
27. Kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly guramasynyň agzalarynyň çykyp gitmegi sebäpli, onuň san düzümi ýarpydan köp azalan ýagdaýynda, olaryň agzalarynyň saýlawy möhletinden öň geçirilip bilner.
Aýratyn ýagdaýlarda kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokarky guramasynyň razyçylygy bilen, kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly edaralarynyň agzalaryny saýlawsyz bellemeklige ýol berilýär.
28. Kärdeşler arkalaşyklarynyň saýlawly edaralarynyň agzalaryny degişli derňew toparlarynyň düzümine saýlamak bolmaýar.
29. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli guramalarynda we edaralarynda saýlawlar bäş ýylda bir gezek geçirilýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynda saýlawlary geçirmek, olaryň möhleti baradaky karary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşi kabul edýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň toparlarynyň, ilkinji guramalarynyň başlyklary, komitetleri her ýyl öz işleri barada ýygnaklarda (konferensiýalarda) hasabat berýärler.
V. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary
30. Guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň kärhanalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşen, döredijileri ya-da eýeleri daşary ýurtly ýuridik ýa-da fiziki şahslar (doly ýa-da kem-käsleýin) bolup durýan kärhanalarda TKA-nyň Tertipnamasyna laýyklykda, kärdeşler arkalaşyklarynyň azyndan 5 agzasy bar bolan halatynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary döredilip bilner.
Okuw mekdeplerinde mugallymlaryň, beýleki işgärleriň, talyplaryň (okuwçylaryň) hataryndan bitewi ilkinji guramalary döredilýär.
Ilkinji guramany döretmek baradaky mesele kärdeşleriň ýygnagynda çözülýär we TKAMM-yň Geňeşiniň bellän tertibinde, kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli çäk birleşmesinde pudak boýunça bellige alynýar. Aşgabat şäherinde ilkinji guramalar degişli pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan bellige alynýarlar.
31. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň komitetiniň karary bilen guramanyň içinde kärhananyň önümçilik gurluşyna laýyklykda toparlar döredilip bilner.
32. Önümçilik, ylmy-önümçilik birleşiklerinde, konsernlerde, korporasiýalarda we beýleki hojalyk birleşiklerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, olaryň gurluş bölümleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işini utgaşdyrmak üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi, şeýle hojalyk birleşikleri bir çäkde ýerleşen ýagdaýynda bolsa, olarda kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti döredilip bilner. Bu baradaky karary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşi kabul edýär we ol şu geňeşler we komitetlar hakynda Düzgünnamany hem tassyklaýar.
33. Kärdeşler arkalaşyklarynyň toparynda we ilkinji guramasynda ýygnak (konferensiýa) zerurlyga görä, ýöne azyndan ýylda iki gezek geçirilýär.
34. Gündelik işleri alyp barmak üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň ýygnagynda (konferensiýasynda):
- kärdeşler arkalaşyklarynyň toparynda başlyk, onuň orunbasarlary;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň 15-sinden azyny özünde birleşdirýän ilkinji guramada kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygy, onuň orunbasary;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň 15-sinden köpüsini özünde birleşdirýän ilkinji guramada kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti, kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetiniň başlygy, onuň orunbasary (orunbasarlary) saýlanylýar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti bilen bir wagtda ilkinji guramanyň derňew topary saýlanýar.
35. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň (komitetiniň) başlygy guramanyň (komitetiň), işine ýolbaşçylyk edýär, komitetiň mejlisini çagyrýar, olarda başlyklyk edýär, ýygnagyň (konferensiýanyň), kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokarky guramalarynyň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar, häkimiýet we dolandyryjy edaralarda, iş berijileriň, jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň adyndan wekilçilik edýär, şu Tertipnamadan we Türkmenistanyň kanunlaryndan gelip çykýan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.
Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň mejlisi zerurlyga görä, ýöne azyndan çärýekde bir gezek geçirilýär. Kärhananyň, edaranyň we guramanyň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň hukuklary hakynda Düzgünnamany TKAMM-yň Geňeşi tassyklaýar.
36. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary dahylly pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşlerine hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň çäkbirleşmelerine hasabatlydyr.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary:
- kärhanalarda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goraýar, olaryň syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrýar, durmuş-ykdysady meseleleri boýunça işgärleriň, talyplaryň we okuwçylaryň adyndan çykyş edýär, bu işlere degişli meýilnamalary işläp taýýarlamaga we kabul etmeklige gatnaşýar;
- zähmetkeşler köpçülikleriniň adyndan iş berijiler bilen duşuşyklary geçirýär we köpçülikleýin şertnamanyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
- iş beriji bilen köpçülikleýin şertnamany baglaşýar, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
- köpçülikleýin şertnamanyň ýerine ýetirilişi barada iş berijiniň ýa-da onuň wekiliniň we kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetiniň hasabatyny diňleýär, zähmet köpçüliginiň öňünde hasabat berýär;
- kärhanada zähmet hakyndaky kanunçylygyň, howpsuz zähmet we önümçilik kadalarynyň, düzgünleriniň we ölçegleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokarky guramalarynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişini guraýar;
- Türkmenistanyň kanunçylygyndan, TKA-nyň Tertipnamasyndan we Düzgünnamalaryndan gelip çykýan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.
37. Dolandyryş edarasynyň kärhanalarynyň, guramalarynyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli, kärdeşler arkalaşygyna agzalygy üýtgetmek baradaky karary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşi kabul edýär.
VI. Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary
38. Türkmenistanyň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary (pudaklaýyn arkalaşyk ýa-da arkalaşyk) önümçilik-pudaklaýyn ýörelge boýunça ilkinji guramalaryň teklipleri bilen olaryň TKAMM tarapyndan çagyrylýan dörediji konferensiýalarynda döredilýär.
Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklaryň hemmesiniň kesgitli agzalary bolmak bilen, olar TKAMM-yň bellän tertibinde bellige alynýarlar we şu Tertipnama laýyklykda hereket edýärler.
Pudaklaýyn arkalaşyklara umumy ýolbaşçylygy TKAMM amala aşyrýar.
39. Pudaklaýyn arkalaşyklaryň ilkinji guramalarynyň işini utgaşdyrmak üçin, TKAMM tarapyndan çagyrylýan konferensiýalarda bu arkalaşyklaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryndaky başlyklary hem-de Geňeşleri saýlanylýar. Pudaklaýyn arkalaşyklaryň başlyklary şol bir wagtyň özünde şu Geňeşleriň hem başlyklarydyrlar. Pudaklaýyn arkalaşygyň başlygy TKAMM-yň degişli pudaklaýyn arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysynyň wezipesine TKAMM-yň Başlygy tarapyndan bellenilýär.
Geňeşleriň mejlisleri zerurlyk bolanda, ýöne azyndan ýarym ýylda bir gezek geçirilýär.
Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleri we TKAMM-yň degişli utgaşdyryjylary baradaky Düzgünnamalary TKAMM-yň Geňeşi tassyklaýar.
40. Arkalaşygyň gündelik işlerine onuň başlygy – TKAMM-yň utgaşdyryjysy ýolbaşçylyk edýär we buýruk çykarýar. Zerur bolan ýagdaýda, bu buýruklary TKAMM-yň ýolbaşçysy tassyklaýar.
41. Pudaklaýyn arkalaşyk:
- ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň bitewiligini saklamaga we berkitmäge ýardam edýär, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň işini goldaýar, onuň kabul eden kararlaryny ýerine ýetirýär;
- ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iş berijileriň öňünde öz agzalarynyň, pudagyň ähli işgärleriniň bähbitlerine wekilçilik edýär;
- zähmet we zähmeti goramagyň kadalarynyň, düzgünleriniň iş berijiler tarapyndan ýerine ýetirilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýar;
- ministrlikler, döwlet dolandyryş edaralary bilen pudaklaýyn ylalaşyklary baglaşýar;
- kärhanalarda köpçülikleýin şertnamalaryň baglaşylmagyna we olaryň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalaryna hukuk-maslahat, maglumat-usulyýet we beýleki kömekleri berýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň okuwyny guraýar, olaryň kämil iş tejribesini ýaýradýar;
- iş berijiler, hojalyk edaralary bilen bilelikde kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary we olaryň maşgala agzalary üçin sagaldyş, sport we medeni-köpçülik çärelerini geçirýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň işgärlerini we işewürlerini höweslendirmek we sylaglamak barada karar kabul edýär.
42. Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň etrapdaky, şäherdäki,etrap hukukly şäherdäki ilkinji guramalarynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, degişli kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi döredilip bilner.
Geňeşe ýa ilkinji guramalaryň goşýan paýlarynyň hasabyna hak alýan,
ýa-da jemgyýetçilik başlangyçlaryndaky başlygy ýolbaşçylyk edýär.
Bu geňeşler hakynda Düzgünnamany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşi tassyklaýar.
VII. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmeleri
43. Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäkdäki ilkinji guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we dolandyryjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşiniň karary bilen TKAMM-yň degişli çäkdäki wekilçilikli edarasy bolan kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap, şäher, etrap hukukly şäher,welaýat birleşikleri döredilýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmeleri hakynda Düzgünnamany TKAMM-yň Geňeşi tassyklaýar.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmeleriniň işine başlyk, onuň ýok wagtynda bolsa başlygyňorunbasary ýolbaşçylyk edýär.
Çäk birleşmesiniň başlygy we onuň orunbasary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Başlygynyň buýrugy bilen wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
44. Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmesi kärdeşler arkalaşyklarynyň umumy wezipelerinden we ygtyýarlyklaryndan başga-da:
- ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we dolandyryjy edaralarda, iş berijileriň öňünde kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň, ilkinji guramalarynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bähbitlerine wekilçilik edýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalyk tölegleriniň gelşine, olary geçirmegiň bellenen tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
- işgärleriň zähmet şertleri, durmuş kepillikleri we ýeňillikleri babatda ýerli häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlygy guraýar we degişli çäk ylalaşyklaryny baglaşýar, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
-kärhanalarda köpçülikleýin şertnamalaryň baglaşylmagyna ýardam berýär, zähmet kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýar;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň okuwyny guraýar, olaryň kämil iş tejribesini ýaýradýar;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalaryna hukuk-maslahat, maglumat-usulyýet we beýleki kömekleri berýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärlerini we işewürlerini höweslendirmek we sylaglamak barada karar kabul edýär;
- şu Tertipnama we kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kararlaryna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.
45. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ählihalk sala salşyklara, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşmak, şeýle hem kärdeşler
arkalaşyklarynyň umumy ähmiýetli meselelerine garamak üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap, şäher, etrap hukukly şäher we welaýat birleşmelerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli çäk birleşmeleriniň saýlawly guramanyň hukugyndaky Geňeşleri döredilýär.
Şu Geňeşler hakynda Düzgünnamany TKAMM-yň Geňeşi tassyklaýar.
VIII. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyňýokary ýolbaşçy edaralary
46. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokary ýolbaşçy edarasy bolan gurultaý Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan bäş ýylda bir gezek çagyrylýar. Gurultaýy çagyrmak we onda garaljak meseleler barada gurultaýa azyndan iki aý galanda habar berilýär.
TKAMM, zerur bolanda, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň ondan bir böleginiň ýazmaça talap etmegi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary gurultaýyny çagyryp biler.
47. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň gurultaýy:
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Merkezi derňew toparynyň hasabatlaryny diňleýär;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny we wezipelerini kesgitleýär;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezini, onuň Başlygyny we Başlygyň orunbasaryny(orunbasarlaryny) saýlaýar;
- TKA-nyň Merkezi derňew toparyny we onuň başlygyny saýlaýar;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyny we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew topary hakynda Düzgünnamany tassyklaýar;
- Tertipnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär. Tertipnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky karar gurultaýa gatnaşýan wekilleriň dörtden üçüsiniň sesiniň köplügi bilen kabul edilýär.
48. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerine ýetiriji saýlawly edarasydyr, kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli guramalary we edaralary babatda ýokary ýolbaşçy saýlawly edaradyr.
49. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi kärdeşler arkalaşyklarynyň umumy wezipelerinden we ygtyýarlyklaryndan başga-da:
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň adyndan ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, iş berijilere kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň, zähmetkeşleriň bähbitlerini berjaý etmek bilen bagly teklipleri girizýär;
- Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda kärdeşler arkalaşyklarynyň ählihalk sala salşyklary geçirmäge, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşmak boýunça işlerini guraýar;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň býujetini döredýär we ony, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döredýän serişdeler gaznasyny dolandyrýar;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, onuň garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, welaýat birleşmeleriniň girdejileriniň we çykdajylarynyň ýyllyk meýilnamasyny tassyklaýar, olaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlara seredýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetleriniň zähmet hak alýan başlyklarynyň we buhgalterleriniň wezipesini girizmegiň ýa-da başga işden boşadylmadyk işgäre goşmaça hak tölemegiň möçberini, şeýle hem şu maksatlar üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalyk töleglerini çykdajy etmegiň tertibini kesgitleýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn we çäk gurluşlaryny döretmegiň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň meselelerini çözýär;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň edaralarynyň, olaryň garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň gurluşyny, işgärleriniň wezipe zähmet haklarynyň ülňülerini tassyklaýar;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň we edaralarynyň, şeýle hem olaryň garamagyndaky edaralaryň we guramalaryň şu Tertipnama, Türkmenistanyň
kanunlaryna gapma-garşy gelýän kararlaryny ýatyrýar;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalaryna hukuk-maslahat, maglumat-usulyýet we beýleki kömekleri berýär, umumy arkalaşyk çärelerini geçirýär, kärdeşler arkalaşyklarynyň işewirleriniň we işgärleriniň okuwyny guraýar;
- öz işleri barada kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalaryna we edaralaryna yzygiderli habar berýär;
- zerur bolanda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlislerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna, Maksatnamasyna üýtgetmeler hem goşmaçalar girizýär we soňra gurultaýda tassykladýar;
- şu Tertipnamanyň kadalaryny we düzgünlerini ulanmak boýunça gutarnykly düşündiriş berýär;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň metbugat neşirini döredip we çap edip bilýär;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň daşary ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezleri we kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara birleşikleri bilen özara gatnaşyklary baradaky meselelerine seredýär we olary çözýär; - şu Tertipnamadan we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň maksatnamalaryndan, Türkmenistanyň kanunçylygyndan gelip çykýan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.
50. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi öz mejlisleriniň aralygyndaky döwürde wezipelerini ýerine ýetirmek we işe ýolbaşçylyk etmek üçin, TKAMM-yň Başlygyndan, onuň orunbasaryndan (orunbasarlaryndan) we beýleki agzalaryndan ybarat düzümde öz Geňeşini saýlaýar.
Geňeş Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň öňünde hasabatlydyr.
TürkmenistanyňKärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşiniň we edarasynyň Iş tertibi Milli merkeziň Geňeşi tarapyndan tassyklanan Düzgünnamada kesgitlenilýär.
51. Geňeşiň agzalarynyň arasynda ol ýa-da beýleki mesele boýunça karar kabul etmäge päsgelçilik döredýän pikir çaprazlygy ýüze çykanda, ol kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisiniň garamagyna berilýär.
52. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Başlygy Milli merkeziň, onuň Geňeşiniň we edarasynyň işine ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýok wagty bu wezipeleri TKAMM-yň Başlygynyň orunbasary ýerine ýetirýär.
Başlyk, onuň orunbasarlary kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarda, iş berijileriň öňünde, beýleki jemgyýetçilik guramalarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik edýärler.
53. Gurultaýyň arasyndaky döwürde TKAMM-yň Başlygyny, onuň orunbasarlaryny möhletinden öň işden boşatmak baradaky mesele Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň agzalarynyň azyndan 1/3 (üçden biriniň) talaby boýunça goýlup bilner. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisine gatnaşýan agzalaryň azyndan 2/3 (üçden ikisi) ses beren bolsa, bu baradaky karar kabul edilen hasaplanylýar.
54. TKAMM-yň Başlygyny, onuň orunbasarlaryny öz islegleri boýunça işden boşatmak baradaky karary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşi kabul edýär. Şu ýagdaýda olaryň saýlawlary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisinde geçirilýär.
55. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisleri onuň Geňeşiniň karary bilen zerur bolanda, ýöne ýylda azyndan bir gezek ýa-da Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň agzalarynyň azyndan 1/3 (üçden biriniň) talap etmegi boýunça geçirilýär.
IX. Kärdeşler arkalaşyklarynyň serişdeleri we emlägi
56. Kärdeşler arkalaşyklarynyň serişdeleri we emlägi öz agzalarynyň giriş we agzalyk töleglerinden, meýletin gatançlardan we haýyr-yhsan pullaryndan, önümçilik, hojalyk we neşirýat işlerinden girýän girdejilerden we kanun tarapyndan gadagan edilmedik beýleki düşewüntlerden döredilýär.
57. Giriş we agzalyk tölegleri aýlyk zähmet hakynyň, girdejiniň ýüzden bir bölegi möçberinde tölenýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň wagtlaýyn işlemeýän we talyp hak almaýan agzalary agzalyk töleglerinden boşadylýarlar.
58. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary ýokarky guramalarynyň öz tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek üçin alyp barýan işlerine agzalyk tölegleriň umumy jeminden azyndan ýüzden 40 bölegini geçirýärler.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalyk tölegleriniň tölenilişiniň we geçirilişiniň tertibini, şol sanda Milli merkeziň, kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmeleriniň işine geçirilýän serişdeleriň möçberini Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşi belleýär.
Zerurlyk bolan aýratyn ýagdaýlarda kärdeşler arkalaşyklarynyň uly maksatnamalaryny durmuşa geçirmeklige kärdeşler arkalaşyklarynyň býujetindäki serişdeleri jemlemek maksady bilen, TKAMM agzalyk töleglerini geçirmegiň wagtlaýyn tertibine we möçberine täzeden garap biler.
59. Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda kärdeşler arkalaşyklary özlerine degişli emläge we pul serişdelerine eýeçilik edýärler, olary ulanýarlar we olara ygtyýar edýärler.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň emlägi olaryň we olaryň garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ähli enjamlary, serişdeleri we ulag serişdeleri bilen bilelikde hasabynda durýan binalardan we desgalardan ybaratdyr.
60. Kärdeşler arkalaşyklarynyň eýeçiligi bütewidir we bölünmezdir. Oňa eýeçilik etmegiň, ony ulanmagyň we oňa ygtyýar etmegiň tertibini Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi kesgitleýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň serişdeleri we emlägi Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulandakydan başga ýagdaýlarda eýeçiliginden alnyp bilinmez.
61. Kärdeşler arkalaşyklary öz Tertipnamasynda göz öňünde tutulan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde kärhanalary we hojalyk hasaplaşygyndaky guramalary döredip bilerler.
62.Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň we çäk birleşmeleriniň maliýe işlerine kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli derňew toparlary we kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokarky edaralarynyň maliýe gulluklary tarapyndan gözegçilik edilýär.
Derňew toparlary öz işlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew topary hakynda hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň çäkbirleşmeleriniň we ilkinji guramalarynyň derňew toparlary hakynda Düzgünnamalardan ugur alýarlar.
X. Ýuridik şahs hökmünde kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň we edaralarynyň hukuklary
63. Ýuridik şahs hökmünde kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň we edaralarynyň hukuklary şu Tertipnamadan gelip çykýar.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasy kanunda göz öňünde tutulan tertipde bellige alynýar.
Şu Tertipnama kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary, çäk birleşmeleri, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary, Mili merkez üçin ýeke-täk kadalaşdyryjy resminamadyr.
64. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmeleri, ilkinji guramalary we komitetleri, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň etrapdaky, şäherdäki ilkinji guramalaryň başlyklarynyň geňeşleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň garamagyndaky kärhanalar, edaralar we guramalar ýuridik tarapdyr, olaryň öz möhürleri, möhürçeleri, burç basmasy, atlary iş kagyzlary we blanklarda hasaplaşyk hasaplary bardyr.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, çäk birleşmeleriniň, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklaryň etrapdaky, şäherdäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ady ýazylan hem-de Tertipnamanyň 6-njy bendinde bellenen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň emblemasynyň şekili ýerleşdirilen tegelek möhürleri bardyr.
ХI. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyňişiniň bes edilmegi
65. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň gurultaýynyň karary bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmeleriniň işi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli mereziniň Geňeşiniň karary, Türkmenistanyň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň işi bolsa onuň konferensiýasynyň karary bilen bes edilip bilner. Gurultaýa we konferensiýa saýlanan wekilleriň azyndan 2/3 (üçden ikisi) gatnaşan bolsa, kärdeşler arkalaşyklarynyň gurultaýlary, konferensiýalary ygtyýarly hasap edilýär. Ygtyýarly hasap edilen gurultaýa, konferensiýa gatnaşan wekilleriň azyndan 2/3 (üçden ikisi) ses beren bolsa, karar kabul edilen hasaplanýar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işi bes edilen ýagdaýynda, olaryň serişdeleri we emlägi gurultaýyň kesgitlän maksatlary üçin ulanylýar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işi Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda hem bes edilip bilner.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary 1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet bellige alyndy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň üýtgetmeler girizlen Tertipnamasy 2014-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet bellige alyndy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň üýtgetmeler girizlen Tertipnamasy 2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet bellige alyndy we oňa bellige alnandygy barada 0033 belgili şahadatnama berildi.