Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Gurluşyk we senagat işgärleriniň KA-sy

Şäherlerimize, etrap merkezlerine, obalara nazar salanyňda bagtyýar adamlaryň zamanabap, ähli amatlyklary bolan ӧýlerde ýaşaýandyklaryny gӧreniňde hormatly Prezidentimize, ajaýyp dӧwrümize, mähriban Watanymyza bolan buýsanjyň has-da artýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aprel aýynyň 5-i bilen maý aýynyň 5-i aralygynda geçirilýän sport biraýlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugranyň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň guramagynda paýtagtymyzyň «Galkynyş» sport toplumynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan badalga berlen «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygynyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine degişli Geňeşlerde birnäçe işler alnyp baryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dürli dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Goja deňziň kenarynda guralýan halkara sergileridir festiwallary, ylmy maslahatlardyr sport bäsleşikleri dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlary dostlaşdyrýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bilelikde guramagynda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanyp, «Gender deňligi we Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde tutýan orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.

TEJEN «Tejenkarbamid» zawodynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly, şowhunly dabara geçirildi. 

Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşi, Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arka­laşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi Mirasa sarpa goýmak, Watany ӧzgertmek ýyly mynasybetli ilat arasynda dürli medeni-kӧpçülikleýin çäreleri geçirýärler.

Şu günler Ahal welaýatynyň ähli etrap, şäher kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmelerinde, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary giň gerimde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy we halkymyzyň bolelin ýaşamagy ugrunda alyp barýan oňyn işleriniň many-mazmunyny wagyz-ündew etmek maksady bilen, ýurdumyzda geçirilýän maslahatlar giň gerime eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzyň durmuşyndaky häzirki dӧwri ägirt uly gurluşyklaryň amala aşyrylýan dӧwri diýip atlandyrmak bolar» diýmek bilen, gurluşyk pudagynyň gerimini häsiýetlendirýär.

Страницы

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.