Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hünärmenleri hem bu pudaga degişli ministrlikler bilen bilelikde 2016-njy ýylda meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmekde işjeňlik görkezdiler.
Hormatly Prezidentimiziň taryhymyzy, ýurdumyzyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleri we geçmişde yz goýan beýik şahsyýetleri öwrenmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp, Tejen şäherindäki “Tejenkarbamid” zawodynda zähmet çekýän ýaşlar üçin taryhy-medeni ýadygärliklere syýahatlar yzygiderli guralýar.
Türkmenistanyň Milli baýramy — Bitaraplyk güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki «Tejenkarbamid» zawodynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Zawodyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan guralan dabara ol ýerde zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Tejenkarbamid» zawodynyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Zawodyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň hem-de Tejen şäheriniň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçen maslahata zähmetkeşleriň uly topary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi zähmetkeşleriň medeniýetli dynç alşyny guramakda, saglyklaryny goramakda, olaryň arasynda medeni-köpçülik işlerini geçirmekde göreldeli işleri durmuşa geçirýär. Birleşmäniň ýerlerdäki düzümleriniň işgärleriniň agzybirlikli işlemekleri netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy ynamly zähmet ýeňişleri bilen dabaralandyryldy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň guramagynda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat orta hünär okuw mekdebiniň zehinli talyplaryndan düzülen toparlaryň arasynda «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly baýramçylyk bäsleşigi geçirildi.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň şanyna toý dabaralary yzygiderli geçirilýär.
Tejendäki «Tejenkarbamid» zawodynda Hatyra gününe bagyşlanyp çäre geçirildi. Zawodyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň guramagynda geçen bu çärä ol ýerde zähmet çekýänleriň uly topary gatnaşdy.
Halkymyzyň bagtyýarlykda, bolelinlikde ýaşaýandygyny görüp, buýsançly pikirler seriňe dolýar. Hawa, biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýarys. Çagalarymyzyň ýüzleri şatlykda gülýär, dana ýaşulularymyzyň dürdäne sözlerine uly hormat bilen gulak goýulýar.
Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir pudagynda raýatlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bu mümkinçilikler ähli pudakda bolşy ýaly, gurluşyk pudagynda zähmet çekýän işgärleri hem üstünliklere ruhlandyrýar.