Agzybir türkmen halkyna täze taryhy döwri — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp döwlet syýasatynyň rowaçlygynda bu gün okgunly ösýän ata Watanymyz tutuş dünýäde sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de agzybirligiň dabaralanýan ýurdy hökmünde tanalýar. Munuň özi Diýarymyzyň köptaraply, aýratyn-da milli sporty ösdürmekde gazanýan üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir!» diýen dürdäne sözleri bu gün ýurdumyzyň her bir raýatynyň göwün guşuny ganatlandyryp, mizemez durmuş ýörelgesine öwrülýär.
Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda, Aşgabat şäherindäki 10-njy Saglyk öýüniň mejlisler zalynda «Baş Kanunymyz bagtyýar durmuşyň ygtybarly kepilidir» diýen at bilen maslahat geçirildi.
Paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini kabul edilmegi taryhy wakalaryň biri boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşini ilata düşündirmek boýunça işler yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda welaýat medeniýet müdirliginiň garamagynda hereket edýän şäher we etrap muzeýleriniň arasynda welaýat bäsleşigi geçirildi. «Bagtyýarlyk döwrüniň muzeýleri» diýlip atlandyrylan bu bäsleşik welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup geçdi. Oňa welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän muzeýlerden köp sanly muzeý işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli guramalary we olaryň işjeň agzalary täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny hem-de beýleki milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmeklige özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Halkymyzyň bagtyýarlykda, bolelinlikde ýaşaýandygyny görüp, buýsançly pikirler seriňe dolýar. Hawa, biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýarys. Çagalarymyzyň ýüzleri şatlykda gülýär, dana ýaşulularymyzyň dürdäne sözlerine uly hormat bilen gulak goýulýar.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň edermen pagtaçylary 1 müň 765 gektar ýere pagta ekip, döwlet harmanyna 3 müň tonna pagta tabşyrmak ugrunda göreşýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, halkymyzyň milli baýlygy bolan bol pagta hasylyny çalt we zaýasyz ýygnamakda, pagta ýygýan kombaýnlaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmakda Garagum etrabynda hem netijeli işler alnyp barylýar.
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli asylly syýasatyny işgärleriň arasynda wagyz etmekde edara-kärhanalarda dürli derejedäki ylmy-amaly maslahatlary, okuw sapaklarydyr dürli bäsleşikleri yzygiderli guraýar.
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Içeri işler ministrligi, Baş prokuraturasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň yglan eden, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, talyplary, mugallymlary we beýleki işgärleri gatnaşdy.