Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek baradaky öňde goýan maksatnamalaryndan ruhlanyp, şu ýylda pagtaçy kärendeçilerimiz 1605 gektar ýere gowaça ekip, döwlet harmanyna 2770 tonna pagta tabşyrmagy meýilnamalaşdyrdylar.
2016-njy Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň birinji ýarymyny ýokary netijeler bilen jemläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy ýüreklerde besleýän Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhanalarynyň işgärleri ministrligiň guramagynda «Berkararlyk bilen aýdyňdyr ýolum, Garaşsyz, Bitarap parahat ilim» atly wagyz-nesihatly syýahat guradylar.
Häzirki günlerde ähli ýerde orta mekdepleri ýetip gelýän okuw ýylyna taýýarlamak işleri ýokary depginde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň talabyna laýyklykda bilim ojaklarynyň binalaryny abatlamak işleri maksada okgunly ýagdaýda alnyp barylýar. Şeýle işler etrabymyzyň orta mekdeplerini we çagalar baglaryny giňden gurşap aldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, bereket-bolçulygyň, dost-doganlygyň, durnukly we okgunly ösüşleriň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýan eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň belent ösüşleri nazarlaýan beýik Maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar.
Berkarar dӧwletiň bagtyýarlyk dӧwründe ähli ugurlardaky ägirt uly ӧzgerişlikler, durmuşa geçirilýän taryhy maksatnamalar, ýurdumyzda gün-günden bat alýan giň mӧçberli işler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň häzirki bagtyýar durmuşynyň we rӧwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan taýsyz tagallalarynyň we tutumly işleriniň netijesidir. «Dӧwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýӧrelgäni ӧzüniň durmuşa geçirýän her bir işiniň esasy ӧzenine ӧwren dӧwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky aladalarynyň aýdyň netijelerine biz häzir ýurt durmuşynyň ähli ugurlarynda gӧz ýetirýäris.
Gurbansoltan eje adyndaky etrap bilim bӧlümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap geňeşi tarapyndan bilim ojaklarynda abatlaýyş işleri boýunça bäsleşik yglan edilip, işçi topary dӧredildi. Häzirki günlerde etrabyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda abatlaýyş işleri gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Abatlaýyş işleriniň alnyp barlyşy we onuň hili ýӧrite dӧredilen işçi topary tarapyndan yzygiderli ӧwrenilýär we zerur bolan maslahatlar berilýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Tagtabazar etrabynda gawun-garpyz ýetişdirmekde baý iş tejribe toplan daýhanlarymyzyň çekýän asylly zähmetleri hem öwgä mynasypdyr. Olar Diýarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde, halkymyzyň toý saçaklarynyň berekedini artdyrmakda saldamly goşant goşýarlar.
Türkmen topragy datly-datly miweleri, gök ekin, bakja önümleri bilen meşhurlyga eýe bolup gelýär. Bu toprakda çogly Günüň mähri bilen kemala gelýän önümler aýratyn tapawutlanýar. Bu hakda söhbet edilende bakja ekin önümleri-gawun-garpyz hakynda ýörite gürrüň edilse hem artykmaçlyk etmez. Çünki, dünýäde gawun-garpyz bitýän ýurt kän. Emma şolaryň arasynda türkmen gawun- garpyzyna taý geljegi ýokdur diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Muny gadymy taryhymyzam, şu günki günümizem subut edýär.
Türkmen topragy özüniň bahasyna ýetip bolmajak tebigy baýlyklary bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär. Bu baýlyklar diňe ykdysady ösüşiň çeşmeleri bolup hyzmat etmän, eýsem saglygy goramak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdinde hem möhüm orny eýeleýärler. Şeýle möhüm orunda Arçman, Ýyly suw, Mollagara, Baýramaly, Farap, Berzeňňi, Daşoguz we beýleki bejeriş häsiýetli melhem suwlary, palçyklary bilen halka hyzmat edýän şypahanalary görkezmek bolar.
Gelin-gyzlar ähli döwürlerde-de özlerini gymmat bahaly metaldan we daşlardan ýasalan dürli zynatlar bilen bezäpdirler. Şunda Gündogar gözelleriniň gadymy bezeg-zynatlary — saç berkidiji bezegler, hoşboý ysly atyrlar we timarlaýjy serişdeler salnan gutujyklary we şuna meňzeş beýleki zatlarynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bolup, olar türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Türkmenistanyň çägindäki medeni-taryhy ýadygärliklerden tapylan gadymy zenan bezeg-zynatlary — häzirki zaman dizaýnerlerini gelin-gyzlar üçin täze bezegleri döretmäge ruhlandyrýar.