Geçen hepdede Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda şu ýylyň 9-15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri, olaryň dünýä derejesinde döwrebap bilim almaklary mähriban Arkadagymyzyň öňde goýýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, goldaw-hemaýaty bilen, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilip, olaryň göwnejaý dynç almaklary, ugrunda uly alada edilýär.
Tomus paslynyň şatlykly günleri çagalara ýakymly pursatlary, şowhunly wakalary sowgat edýär. Bu günler mekdep okuwçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökdere jülgesinde we ýerlerdäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirýärler.