Bedenterbiýäniň we sportuň has köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap birleşmesi etrap sport komiteti bilen bilelikde dürli çäreleri yzygiderli guraýar.
Geljek ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriljek Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde ilkinji ýaryşlar geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.
Änew şäherindäki sport mekdebinde aýal-gyzlaryň arasyndaky spartakiadanyň çäginde ýaryş geçirildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu ýaryşy welaýatyň sport baradaky komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilelikde guradylar.
Şu gün, baharyň ilkinji ýekşenbesinde paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalarynyň - hökümetiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda welosipedli türgenleşik ýörişi geçirildi.
Serdar şäherindäki 13-nji orta mekdebiň binýadynda şäher ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň guramagynda bilim işgärleriniň arasynda şaşka boýunça bäsleşik geçirildi.
Bereket etrabynyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň geňeşi Halkara zenanlar gününe bagyşlap, orta mekdeplerde we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň arasynda woleýbol ýaryşyny geçirdi.