Kärdeşler arkalaşyklarynyň Derweze etrap birleşmesi tarapyndan şu ýylyň pagta ýygymy möwsümi üçin kärendeçileriň we awtoulagyň sürüjileriniň arasynda yglan edilen zähmet bäsleşikleri her ongünlükde täze işjeňleri ýüze çykarýar.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty halkymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka öwrüldi. Şol taryhy maslahatda hormatly Prezidentimiziň çuň manyly sözlän sözi, kabul edilen Çözgütler halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.
Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň, şeýle-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen maslahat geçirildi.
Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesi we şäher jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Tejenkarbamid» zawodynyň mejlisler zalynda agrosenagat işgärleriniň araynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Sarahs etrabynyň hojalyklarynda pagta ýygymynyň ýokary depginde alnyp barylmagy bilen her günde gazanylýan ösüşde kärendeçilik toparlarynyň, kärendeçileriň, ýygymçylaryň, şeýle hem ýygyma ýakyndan kömege barýan şäherlileriň yhlasly çekýän zähmetleri görelde alarlykdyr.
Babadaýhan etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň 8-nji toparynyň pagtaçylary etrapdan ýörite medeni hyzmat etmek üçin gelen toparyň agzalaryny gadyrly garşyladylar.
Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Geňeşi bilen bilelikde geçiren duşuşygy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýlip atlandyryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Derweze etrap birleşmesiniň we TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň ra