| RU |
TKAMM logo
«BEDEW TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY»
05.08.2026 Профсоюз работников агропромышленного комплекса

«BEDEW TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY»

             Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýol ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän   Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli  ugurlary bilen bir hatarda atçylyk pudagynda hem ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar.  Türkmen halkynyň milli buýsanjy, uçar ganaty bolan  gamyş-gulak behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýy, şan şöhraty barha beýgelýär.  

           Golaýda Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň işgärleriniň we pudaga degişli kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrylýan işler barada «Bedew, türkmeniň uçar ganaty» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetli gepleşik guraldy. Söhbetli gepleşikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän beýik işler, pudagyň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, arassa ganly behişdi bedewlerimiziň baş sanyny köpeltmek we olaryň şan şöhratyny dünýä tanatmak boýunça durmuşa geçirilýän nusgalyk işler barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

         Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap atçylyk toplumlarynyň, açyk we ýapyk manežleriň, aýlawlaryň, ýörite atçylyk ugry boýunça halkara derejesindäki hünärmenleri taýýarlaýan Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy, ylmy önümçilik merkezleriň gurulyp ulanylmaga berilmegi bolsa pudagyň has-da ösmegine we şan şöhratynyň dünýä dolmagyna getirdi. Munuň şeýledigine şu ýylyň başyndan bäri «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň dürli döwletlerinde Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-nyň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, görkezen ýokary ussatlyklary bolsa türkmen bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyna ýenede bir gezek şaýatlyk edýär.         

      Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda sentýabryň başyna Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýokary wekilçilikli toparyň gatnaşmagyna taýýarlyk işleri görmek üçin guramaçylyk topary döredilip geçiriljek   çärelere   ýokary  derejede  taýýarlyk  işleri  görülýär. Guramaçylyk

toparyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz  «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklanyp şu ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek halkara ýaryşlarynda şowly çykyş etmeklerine ak pata berdi.                                                                                                   

 

Berdimyrat Rozyýew

Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy    

Degişli makalar

KÖPETDAGYŇ TEBIGY GÖZELLIKLERI  KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
20.08.2026

KÖPETDAGYŇ TEBIGY GÖZELLIKLERI KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ýurdumyzyň …

РАБОЧАЯ ПОЕЗДКА К ПРИРОДНЫМ КРАСОТАМ КОПЕТДАГА
14.08.2026

РАБОЧАЯ ПОЕЗДКА К ПРИРОДНЫМ КРАСОТАМ КОПЕТДАГА

По случаю 50-летия со дня образования Копетдагского государственного природного заповедника была организована полевая рабочая поездка …

ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА — ОСНОВА ГОСУДАРСТВЕННОЙ НЕЗАВИСИМОСТИ, ПУТЕЙ РАЗВИТИЯ И СЛАВНЫХ ДОСТИЖЕНИЙ
22.07.2026

ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА — ОСНОВА ГОСУДАРСТВЕННОЙ НЕЗАВИСИМОСТИ, ПУТЕЙ РАЗВИТИЯ И СЛАВНЫХ ДОСТИЖЕНИЙ

На днях в административном здании Туркменского сельскохозяйственного университета имени С.А. Ниязова совместными усилиями Совета профсоюза …

ШАГ, СДЕЛАННЫЙ В БУДУЩЕЕ
21.07.2026

ШАГ, СДЕЛАННЫЙ В БУДУЩЕЕ

С древнейших времен туркменский народ относился к традиции наречения именами с особым глубоким уважением. Имя …

КУЛЬТУРА — ДУХОВНОЕ БОГАТСТВО НАРОДА
24.06.2026

КУЛЬТУРА — ДУХОВНОЕ БОГАТСТВО НАРОДА

Культура — это великая ценность, воплощающая в себе историю, духовный мир, национальное своеобразие и творческий …