Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň taryhy
Türkmenistanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň döremegi jemgyýetiň ykdysady we syýasy taýdan ösüşi bilen şertlenendir, ol biziň ýurdumyzda işçiler hereketi tarapyndan geçilen uzak ýoluň netijesidir. Hususan-da, Türkmenistanda ilkinji Kärdeşler arkalaşyklary 1905-1907-nji ýyllarda Aşgabatda (Ashabatda) döredi – Demirýolçularyň birleşigi, Hünärment işçileriň birleşigi we başgalar.
1920-nji ýylyň oktýabrynda Türkestan ASSR-niň Zakaspi oblastynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň gurultaýy Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmen oblast sowetini saýlady.
1925-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda (Poltaraskda) Kärdeşler arkalaşyklarynyň birinji Ählitürkmen gurultaýy açyldy. Onda Türkmen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Soweti (Geňeşi) saýlanyldy. Özüniň dörän döwründe 1925-nji ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy 21,3 müň agzany birleşdirýärdi.
1991-nji ýyldan öň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary guramasy SSSR-iň Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzüminde durýardy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňki atlary:
- Türkmen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Soweti (Geňeşi) – 1925-nji ýylyň 28-nji martyndan 1990-njy ýylyň 28-nji sentýabrna çenli;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasy – 1990-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 1995-nji ýylyň 28-nji apreline çenli;
- Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi – 1995-nji ýylyň 28-nji aprelinden bari.