Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy
1924-nji ýylyň aprel aýynda Poltoratsk şäherinde Türkmen oblastynyň «Medsantrud» kärdeşler arkalaşygynyň oblast dolandyryşy döredilipdir. Bu dolandyryş 371 agza hyzmat edipdir; transport ulgamynyň lukmançylyk işgärlerini hem öz içine alypdyr.
1924-nji ýylyň 25-nji dekabrynda lukmançylyk işgärleriniň we sanitariýa zähmetiniň kärdeşler arkalaşygynyň oblast gurultaýynda «Medsantrud» birleşiginiň oblast dolandyryşy wagtlaýyn Merkezi dolandyryşa öwrülipdir.
1925-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň umumytürkmen gurultaýy açylyp, Türkmenistanyň SSR-niň «Medsantrud» birleşiginiň Merkezi dolandyryşy saýlanypdyr.
1934-nji ýylyň 16-njy noýabryndaky karara laýyklykda Türkmenistanda Türkmenistanyň SSR-niň lukmançylyk-sanitariýa işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi komiteti döredilipdir.
1948-nji ýylyň 25-nji dekabryndaky karara laýyklykda kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň SSR-niň lukmançylyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Respublikan Komiteti diýlip atlandyrylypdyr.
1990-njy ýylyň 17-nji awgustynda IV gurultaýda ady Türkmenistanyň SSR-niň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Respublikan Komiteti diýlip üýtgedilipdir.
1992-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky IV Plenumyň kararyna laýyklykda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Komiteti» diýlip atlandyrylypdyr.
1995-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň I esaslandyryjy gurultaýy geçirilipdir.
2000-nji ýylyň 2-nji awgustyndaky №15-1 belgili Prezidium karary esasynda pudaklaýyn Komitetleriň edaralary ýatyrylyp, TKAMM-niň düzüminde Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy döredilipdir.
2001-nji ýylyň 4-nji maýynda tassyklanan Tertipnama laýyklykda «Komitet» sözi «Geňeş» sözi bilen çalşyrylyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi diýlip atlandyrylýar.