Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramaçylyk gurluşy

Guramaçylyk gurluşyň esasy wezipeleri

Zähmetkeşleriň durmuş-ykdysady hukuklaryny goramak

Kanuny bähbitlerini üpjün etmek

Jemgyýetçilik guramasy hökmünde hereket etmek

Merkezi edara

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Aşgabat şäherinde ýerleşýär we ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki kärdeşler arkalaşyklarynyň işini utgaşdyrýar.

Çäk birleşmeler

Welaýat, şäher we etrap birleşmeleri ýerlerde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk gurluşy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi – ýurdumyzda zähmetkeşleriň durmuş-ykdysady hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen hereket edýän iri jemgyýetçilik guramasydyr. Onuň guramaçylyk gurluşy birnäçe derejeden ybaratdyr.

Gurultaý

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokary ýolbaşçy edarasy.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokary ýolbaşçy edarasy bolan gurultaý Milli merkez tarapyndan bäş ýylda bir gezek çagyrylýar.

Milli merkez

Milli merkez Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerine ýetiriji saýlawly edarasydyr, kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli guramalary we edaralary babatda ýokary ýolbaşçy saýlawly edaradyr.

Çäk birleşmeleri

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmeleri - Milli merkeziň Başlygynyň buýrugy bilen wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

Çagalar sagaldyş merkezi
(Gökdere)

Jemi 150 orunlyk

Gökdere jülgesinde 150 orunlyk “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi.

Sagaldyş merkezi
(Awaza)

Jemi 400 orunlyk

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Daýanç” sagaldyş merkezi.

Pudaklaýyn Geňeşler

Jemi: 14 sany
Ýokary guramasy – konferensiýa
Türkmenistanyň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary (pudaklaýyn arkalaşyk) önümçilik-pudaklaýyn ýörelge boýunça ilkinji guramalaryň işini utgaşdyrmak üçin, Milli merkez tarapyndan çagyrylan konferensiýalar döredilýär.

TKA-nyň ilkinji guramalary

Ýokary guramasy - ýygnak

TKA-nyň Tertipnamasyna laýyklykda, kärdeşler arkalaşyklarynyň azyndan 5 agzasy bar bolan halatynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary döredilip biliner.