TK |
|
TKAMM logo
/ Halkara hyzmatdaşlyk

Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, tejribe alyşmak hem-de mynasyp zähmet, durmuş adalatlylygy we işgärleriň hukuklaryny goramak ýörelgelerini ilerletmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär.

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary halkara we sebit kärdeşler arkalaşyklary guramalary, şeýle hem dürli döwletleriň milli kärdeşler arkalaşyklary merkezleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Halkara Zähmet Guramasy (HZG), Halkara Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri durmuş hyzmatdaşlygy, zähmeti goramak, iş üpjünçiligi, gender deňligi, ýaşlar syýasaty we howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlara, forumlara, seminarlara we duşuşyklara yzygiderli gatnaşýarlar. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi daşary ýurt kärdeşler arkalaşyklary guramalary bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamalara gol çekdi, şol sanda: Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasy bilen — 2018-nji ýylda; Täjigistanyň Garaşsyz Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasy bilen — 2023-nji ýylda; Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasy bilen — 2026-njy ýylda. 2025-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşler boýunça edarasy(ACTRAV) bilen bilelikdäki çäreler meýilnamalaryna gol çekmek arkaly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Bilelikdäki çäreleriň ilkinji ýyllyk meýilnamasyna 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde gol çekildi. 2026—2027-nji ýyllar üçin ikinji meýilnama hem Aşgabatda gol çekildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw halkara dialogynyň ösdürilmegini yzygiderli goldap, halkara kärdeşler arkalaşyklarynyň jebisliginiň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.