Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy
Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy
1969-njy ýylda «Türkmenistan SSR-niň medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Respublikan Komiteti» görnüşinde döredilip, 1969–1990-njy ýyllarda şu at bilen hereket edipdir.
1990-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda ady üýtgedilip, 1992-nji ýyla çenli «Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Respublikan Komiteti» görnüşinde atlandyrylypdyr.
1992-nji ýylyň 20-nji martyndan 1995-nji ýylyň 7-nji sentýabryna çenli degişli sowet görnüşindäki atlandyryş ulanylypdyr. 1995-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Komitet görnüşindäki atlandyryşa geçirilipdir.
1995-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ilkinji esaslandyryjy gurultaýy geçirilip, Tertipnama we maksatnama tassyklanypdyr.
2000-nji ýylyň 2-nji awgustyndaky №15-1 belgili Prezidium karary esasynda Medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy TKAMM-niň ulgamynda döredilipdir.
2012-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky №68-5 belgili karary bilen sport we syýahatçylyk ugurlary Medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň düzümine geçirilipdir.
2012-nji ýylyň 1-nji awgustyndaky №26-14g belgili karary esasynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi diýlip atlandyrylypdyr.
Geňeşiň esasy ugurlary işgärleriň hukuklaryny goramak, medeni we sport çärelerini guramak, syýahatçylyk we dynç alyş mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle hem işgärleriň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Habarlar
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini we jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat çärelerine aýratyn …
HALKARA HUKUGYNYŇ ÝÖRELGELERI - PARAHATÇYLYGYŇ ESASY SÜTÜNI
Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar …
BAGTYÝAR DIÝARYMDA ÝAŇLANSYN DUTARYŇ SESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy, milli liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, …
BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän uzak geljegi nazarlaýan özgertmeleri esasynda bedew …
NIDERLANDLARDA AHALTEKE ATLARYNYŇ GÖZELLIK BÄSLEŞIGI WE ATLY SPORT BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILER
Türkmen ahalteke bedewleri öz taryhy gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň milli buýsançlarynyň biri-de ahalteke bedewleri hasaplanyp olar gözelligiň mizemez nusgasy, baý milli mirasymyzyň aýrylmaz …
MILLI MEDENIÝET GALKYNÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň, …