Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän uzak geljegi nazarlaýan özgertmeleri esasynda bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere beslenýär. “Garaşsyz baky, Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şöhratly taryha eýe bolan türkmen halky bu günki bagtyýar günlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen garşy alýar. Şonuň üçin hem biziň her bir günümiz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär, taryhy pursatlar bagtyýarlyk bolup kalbymyza dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler toýlarymyzyň dabarasyny has-da belende göterýär. Şeýle şanly pursatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyz hakynda pikir ýöretmek, buýsanja beslenmek has-da ýakymly Mukaddes Garaşsyzlyk beýik taglymdyr, türkmen halkymyzyň baky bagtyýarlygydyr. Şonuň üçin hem bu mukaddesligiň halkymyza eçilen bagty örän beýikdir. Mukaddes Garaşsyzlygyň ýyllary içinde ýurdumyzda uly üstünlikler gazanyldy, ylymda, ykdysadyýetde, senagatda, gurluşyk-binagärlikde belent sepgitlere ýetildi. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen desgalar, zawodlar, döwrebap kärhanalar, durmuş medeni ulgama degişli binalar beýik ösüşleriň aýdyň beýanydyr, bularyň her biri belent waspnamalara eýedir. Hut şulardan görnüşi ýaly, eziz Diýarymyz belent üstünliklere beslenýär, beýik ösüşler bilen öňe barýar.
Ýurdumyzyň ösüşleri, halkyň abadan, bagtyýar durmuşy bagtyň aýdyň alamatlarydyr. “Garaşsyz baky, Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda beýik ösüşleri başdan geçirýän ýurdumyz biziň her birimiziň buýsanjymyz bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurulýan täze obalar, şäherçeler, beýik binalar, desgalar bolsa Türkmenistan ýurdumyzyň ynamly öňe barýandygyny, täze-täze ösüşleri gazanýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze obalaryň gurulmagy, bu bagtyýar obalarda ildeşlerimiziň ýaşamagy eşretli döwrüň peşgeşi boldy. Bularyň hemmesi mukaddes Garaşsyzlygyň baky bagtyýarlygynyň aýdyň beýanydyr. Şonuň üçin hem Garaşsyzlyk halkymyzyň buýsanjydyr, mukaddesligidir.
Ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri adamzat bähbitli işlerde üstünlik gazanýan döwletimiziň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň çar künjünde parlamasy bu giň gerimli işleriň alnyp barylmagynyň diri şaýadydyr. Häzirki zaman tehnologiýalar zamanynda ösüşleriň iň ýokary derejesi biziň ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy. Şol ugurlar boýunça edilýän işleri sanardan köp. Çünki ýurdumyzyň ykdysady reformasy ynsanlaryň raýatlyk durmuşynda bagtyýar ýaşamaklyk Ak ýoly türkmen halkynyň ösüşlerine badalga berilmesi bolsa, biziň ýurdumyzda döwletiň adam üçin bolmagy diýip, düşünýäris.
Türkmenistan diýarymyz häzirki wagtda dostlukly, döwranly ýurtlaryň hataryna öwrüldi. Dünýäniň çar künjündäki dostana döwletler bilen aragatnaşygy ýola goýmagyň başlangyçlarynda ekologiýa abadançylygy, özara hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşyklar ýaly işleri durmuşa geçirmekde nusga boldy.
Häzirki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň bu görüm-göreldäni yzygiderli dowam edýändigi bolsa, ýurdumyza gelýän beýleki döwletleriň wekilleri subut edýär.
Türkmenistanyň şu maksatlara ýetmek boýunça ýöredýän ugry dostana gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler berk taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň toplanan baý tejribesine, hyzmatdaşlygyň barşynda açylýan uly mümkinçiliklere düşünmäge esaslanýar.
Dogrusyny muny subut edýän wakalaryň yzygiderliligini beýan etmekde geçirilýän konferensiýalardyr, forumlary, maslahatlardyr, onlaýn seminarlary mysal almak mümkindir.
Türkmenistanyň ösüş ugry boýunça geçirilýän birnäçe çärelere, halkara gatnaşyklarynyň ähmiýetini aňladýan ajaýyp ýörelgeleriň biri boldy.
Mukaddes Garaşsyzlyk köňülleriň aýdymy, dillerimiziň senasy bolup ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimizi sarpalamak asylly ýörelgä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylan ykdysady ösüşler bolsa, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrýar, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzda eşretli durmuşyň hözürini görmek, halal zähmet çekmek iň belent bagtyýarlykdyr. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş eden, halkymyzy röwşen geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Meretgül Taganmyradowa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni