TK |
|
TKAMM logo
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
25.09.2026 Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini we jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat çärelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň sentýabr aýynyň 1–30-y aralygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi tarapyndan geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndaky orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça düşünjeleri has-da berkitmekden, ýol-ulag hadysalarynyň we kanun bozulmalarynyň öňüni almakdan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we beýleki hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmekden ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýangyn howpsuzlygynyň kadalary, tebigaty goramagyň wajyplygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ahlak gymmatlyklary hem-de ýaramaz endikleriň adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsirleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Çykyşlarda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň diňe degişli gulluklaryň däl, eýsem, onuň her bir gatnaşyjysynyň jogapkärçiligine baglydygy aýratyn bellenildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen köçelerde pyýadalaryň we ulaglaryň hereketiniň has-da artýandygy sebäpli, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmeginiň adam ömrüni we saglygyny goramakda möhüm şertleriň biridigini belläp, her bir raýatyň ýol hereketiniň howpsuzlygyna öz jogapkärçiligi bilen çemeleşmelidigini aýtdylar. Ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmak, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda hukuk sowatlylygyny we jogapkärçilik duýgusyny berkitmek maksady bilen geçirilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini gündelik durmuşda berk berjaý etmek, köçelerde we ýollarda seresaply bolmak, jemgyýetçilik tertibini saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek hem-de tebigata aýawly garamak barada degişli maslahatlar berildi.

Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, olaryň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

 

Meretgül TAGANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni

Degişli makalalar