TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

1931-nji ýyla çenli awiasiýa işgärleri (awiaremont ussahanalarynyň we angarlarynyň işçileri we gullukçylary) Glawwozduhflotyň SSSR-iň ýerli ulag portunyň işçileriniň kärdeşler arkalaşygyna degişli bolupdyr.

1931-nji ýylda Bütinsoýuz Professional Geňeşleriniň Merkezi-niň Orta Aziýa býurosynyň Prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, ýerli Ulag Geňeşine birikdirilip, sürüjileriň we awiasiýa işgärleriniň Geňeşi döredilipdir.

1935–1954-nji ýyllar aralygynda TSSR-de awiýa işgärleriniň Respublikan komiteti hereket edip, Türkmenistanyň raýat howa flotunyň uprawleniýesiniň işçilerini we gullukçylaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugyny birleşdiripdir. Bu döwürde respublika boýunça 7 gezek konferensiýa geçirilipdir.

1954-nji ýylda Türkmenistanyň raýat howa flotunyň uprawleniýesi Orta Aziýa Raýat awiasiýasynyň uprawleniýesiniň düzümine goşulypdyr. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň awiasiýa işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň ady üýtgedilip, Orta Aziýa territorial komitetine tabyn toparlaýyn komitet görnüşine geçirilipdir. 1954-nji ýylyň 24-nji dekabrynda toparlaýyn komitetiň ilkinji konferensiýasy geçirilipdir.

1967-nji ýylyň 15-nji aprelinde №30 protokol esasynda Türkmen awiasiýa işgärleriniň profsoýuzy Türkmenistanyň Respublikan komiteti derejesine geçirilip, onuň düzümine TSSR-iň Gidrometeorologiýa gullugynyň uprawleniýesi we TSSR-iň awiasportkluby DOSAAF hem goşulypdyr.

1967–1991-nji ýyllarda Türkmen raýat awiasiýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti, 1991–1995-nji ýyllarda Türkmenistanyň awiasiýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti, 1995–2000-nji ýyllarda Türkmenistanyň Awiasiýa işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti hökmünde hereket edipdir. 2000-nji ýylyň 2-nji awgustyndaky TKAMM Prezidiumynyň №15-1 belgili karary bilen Awiasiýa işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy diýlip atlandyrylypdyr.

Aragatnaşyk pudagy 1924-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Poltorask şäherinde Ýerli ulag we aragatnaşyk merkezi dolandyryş birleşigi döredilipdir.

1931-nji ýylda degişli Bütinsoýuz merkeziň Orta Aziýa býurosynyň Prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, oňa birikdirilip, aragatnaşyk işgärleriniň birleşigi döredilipdir.

1934-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň giňişleýin Prezidiumynda aragatnaşyk işgärleriniň birleşiginden Poçta işgärleriniň birleşigi we Elektroaragatnaşyk işgärleriniň birleşigi döredilipdir.

1937–1957-nji ýyllar aralygynda bu iki pudak boýunça maglumat berilmeýär.

1957-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda aragatnaşyk, awtomobil transporty we köçe-ýol işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklary birleşdirilip, degişli Respublikan komitet döredilipdir. 1968-nji ýylyň 16-njy fewralynda iki pudak bölünip, Aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy we Awtomobil transportynyň we köçe-ýollarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy döredilipdir.

1968-nji ýylyň 16-njy fewralyndaky ilkinji guramaçylykly Plenumyň №1 ýygnaknamasynyň çözgüdine laýyklykda Aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy öz işine özbaşdak başlapdyr.

1990-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistan SSR-niň Aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň I gurultaýynda ilkinji Tertipnama kabul edilipdir.

1992-nji ýylyň 12-nji martynda III Plenumda pudagyň ady Türkmenistanyň aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi diýlip üýtgedilip, Tertipnama hem degişli üýtgetmeler girizilipdir.

1995-nji ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi döredilip, täze Tertipnama tassyklanypdyr. 1995-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda pudagyň paýly gurultaýy geçirilip, täze Tertipnama kabul edilipdir.

2000-nji ýylyň 2-nji awgustyndaky №15-1 belgili Prezidium karary esasynda pudaklaýyn komitetleriň edaralary ýatyrylyp, TKAMM-nyň düzüminde Aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy we Awiasiýa işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy döredilipdir.

2012-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Awiasiýa we Aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleri birleşdirilip, Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi döredilipdir.

Habarlar