Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazetiniň redaksiýasy bilen, “Bütindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli, Ulag ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirmek maksady bilen ýurdumyzyň Ulag we aragatnaşyk toplumunda zähmet çekýän işgärler publisistik makalalaryny, hekaýalaryny we goşgularyny çap etmek boýunça “GARAŞSYZ WATANYŇ TÄZE EÝÝAMY, ÝÜPEK ÝOLLAR HAÝRAN EDÝÄR DÜNÝÄNI” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu çäre Türkmenistanyň jemgyýetçilik binasynda geçirilip bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygyň berkarar bolmagyny dünýä ýaýmakda amal edýän beýik işlerini, milli ýol-ýörelgelerimizde parahat ýaşaýşa goýulýan sarpanyň şöhlelenişi gadymy Beýik ýüpek ýolunyň yzlary we häzirki bagtyýar zamanamyzda ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky ýetilen sepgitler, üstünlikleri wasp edilip ýazylan, iň gowy makalalar, öçerkler, we goşgylar žanerlar boýunça saýlandy.
Bäsleşige Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň seýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy we Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda isläp zähmet çekýän işgärler öz aralarynda bäsleşdiler we ýeňijiler yglan edildi. Türkmenistanyň awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryndan Baş baýraga “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň howa hereketini dolandyryş gullugynyň dispetçeri Gülşat Baýlyýewa we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” EAK-nyň esasy hünärmeni Aýgözel Annamämmedowa we I orna “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň uçuşlar howpsuzlygynyň standartlary müdirliginiň howa gämileriniň uçuşlara ýaramlylyk bölüminiň esasy ekolog inspektory KAIG işjeň agzasy Laçyn Dädekowa we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň türkmenpoçta PAK-nyň Marketing söwda bölüminiň baş hünärmeni Aždarmyrat Hojamyradow II orna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň howa ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň dispetçeri Jennet Ataýewa we Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Aýna Babaýewa, III orna “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň uçuşlar howpsuzlygynyň standartlary müdirliginiň esasy hünärmeni Ýaňyl Allaýarowa we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” EAK-nyň Seslendiriş bölüminiň esasy hünärmeni Meýlisgeldi Işanow dagylar KA-nyň gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.Şeýle hem türkmenistanyň awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň işjek agzalarynyň birnäçesine höweslendirme baýragyna mynasyp boldylar. Dabaranyň dowamynda “Altyn menzil” aýdym saz toparlarynyň aýdymçylary çykyş ediler. Ýurdumyzda bellenilýän “Bütindünýä durnukly Ulag gününiň öňüsyrasynda jemlendi we ýeňijilere baýramçylyga bagyşlanyp geçirilen döwlet çäresinde ýeňijilere, sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk
Işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň tehniki
Gözegçisi Möwlamberdi Rahymow