Berkarar döwletimiziň binýadyny berkiden Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda rowaçlyga beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzdaky ykdysady ösüşlere, halkyň abadançylygyna we jemgyýetiň jebisligine dünýäde ýokary baha berilýär.
Bilişimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Bu şanly sene diňe bir baýramçylyk dabaralary bolman, eýsem, uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan döredijilikli syýasata baha bermegiň hem-de ösüşiň täze gözýetimlerini kesgitlemegiň möhüm sepgidine öwrüler.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş abadançylygy döwletimiziň alyp barýan syýasatynda örän möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiziň çuňňur mazmunly çykyşynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” esaslanyp, geljek ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşi meýilleşdirmek bilen bagly derwaýys wezipelere aýratyn üns çekildi.
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy diňe bir milli senenamamyzdaky taryhy wakalar bolman, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhynda täze sahypany açar. Bu gün türkmeniň kemala getiren döwletlilik nusgasy hakyky gülläp ösüşiň halkyň taryhy köklerine, ruhy-medeni gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine daýanmak arkaly gazanylýandyny görkezýär. Halk maslahatynyň mejlisi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň ösüş we rowaçlyk üçin näderejede kuwwatly gural bolup durýandygyny ýene bir ýola äşgär eder.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha beýgelmegi, halkymyzyň eşretli durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy belent maksatlara uzaýan ýolda jebisleşip, ýurdumyzy röwşen geljege tarap alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli we adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň