Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. Jana şypaly howasy, gözel tebigaty bilen tapawutlanýan Awazadaky “Daýanç” sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem körpe nesilleriň şadyýan sesleri belentden ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” sagaldyş merkezinde çagalary gujak açyp garşyladylar. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä aýry-aýry toparlar düzülip, olara ýurdumyzyň mekdeplerinden tejribeli mugallymlar, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinden tejribelik geçmäge gelen talyplar birikdirildi. Merkezde çagalaryň wagtyny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.
Medeniýet merkezi, sport toplumy, suw çüwdürimleri, bag-bakjaly arassa kenary bolan bu merkezde çagalaryň dynç alyş wagtyny gyzykly geçirmäge uly mümkinçilikler bar. Şol sanda sport we saglyk günlerinde çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, hereketli oýunlar, tanymal türgenler bilen duşuşyklar, sport-görkezme çykyşlary hamda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän beýleki çäreler yzygiderli guralýar.
Ýaş nesilleriň sagdyn, şat we gyzykly dynç almaklary üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Möwlamberdi RAHYMOW,
Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi.