Bu wagyz nesihat çäresi, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli döwlet maksatnamasyndan” hem-de onuň amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriniň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryny, adam söwdasynyň, nika bozulmalarynyň we öz janyna kast etmek ýaly hereketleriniň öňüni almak, milli kanunçylygyň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howuply ýagdaýlaryň öňüni almagyň ähmiýetini düşündirmekde, ýaşlaryň durmuş goraglygyny, psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýsi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirildi.
Wagyz nesihat çärä Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyndan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinden, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýasyndan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirliginden, Türkmenistanyň müftüsiniň müdirliginden, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan, wekiller gatnaşdylar we täsirli çykyşlar etdiler.
Çärä gatnaşyjylar halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy, öndürijilikli zähmet çekmegi ugrunda tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk
işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça
utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy
O.Allanazarowa