Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy
Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy pudagy
1921-nji ýylyň iýul aýyndan 1924-nji ýylyň dekabr aýyna çenli Türkmenistanyň ýer we tokaý hojalyk işgärleriniň welaýat (oblast) kärdeşler arkalaşygy, Türkmenistanyň (TSSR-iň) deri önümçiligi işgärleriniň we gullukçylarynyň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, çörek we süýji (konditer) önümçiligi senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, maşyn-traktor stansiýasy we daýhançylyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, iýmit we süýji tagamlary senagatynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, maldarçylyk sowhozlarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, şeýle hem maşyn-traktor stansiýasy we ýerli guramalaryň işgärleriniň, goýundarçylyk sowhozlarynyň işgärleriniň, oba hojalyk işgärleriniň we ýer-serişdeleri işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli dolandyryş merkezleri/geňeşleri görnüşinde hereket edipdir.
1924-nji ýylyň dekabr aýyndan 1958-nji ýyla çenli Türkmenistan Respublikasynyň oba hojalyk işgärleriniň we gullukçylarynyň kärdeşler arkalaşygy hökmünde hereket edipdir.
1958-nji ýyldan 1980-nji ýyla çenli Türkmenistanyň SSR-niň oba hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti), miwe we gök önümleri taýýarlaýjy hojalygy işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti), iýmit we gaýtadan işleýän senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti), dokma we ýeňil senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti) görnüşlerinde hereket edipdir.
1980-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti) hökmünde hereket edipdir.
1986-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 1990-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi Geňeşi (Komiteti) hökmünde hereket edipdir.
1990-njy ýylyň 25-nji awgustyndan 1991-nji ýylyň 24-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi Geňeşi (Komiteti) ady bilen hereket edipdir.
1991-nji ýylyň 24-nji dekabryndan 1992-nji ýylyň 22-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň birleşmesi hereket edipdir.
1992-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndan 1995-nji ýylyň 11-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti) hökmünde hereket edipdir.
Habarlar
Türkmen alabaýy — milli buýsanjymyz
Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň wepaly hemrasy, gaýduwsyz goragçysy we milli buýsanjy bolan alabaýlara bagyşlanan bu …
TÜRKMEN-HYTAÝ DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRYLÝAR
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan sebitinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň okuw maslahatyna gatnaşdy. Çäre Ählihytaý Kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň çakylygy …
GARAŞSYZLYGYŇ 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda, pudagyň Aşgabat şäherindäki edara-kärhanalaryndan kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň …
Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ynsan ömrüniň rahatlygy
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we raýatlaryň ýollarda howpsuz hereketini gazanmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny, howpsuzlygyny we …
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI
Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler we gazanylýan üstünlikler halkymyzyň milli buýsanjyny has-da belende göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň ösüşleriniň we …
KÖPETDAGYŇ TEBIGY GÖZELLIKLERI KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Köpetdag döwlet tebigy …