Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň wepaly hemrasy, gaýduwsyz goragçysy we milli buýsanjy bolan alabaýlara bagyşlanan bu baýram milli itşynaslyk däplerini ösdürmekde, alabaýlaryň arassa tohumlylygyny gorap saklamakda hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi milli itşynaslyk däplerini ösdürmekde täze mümkinçilikleri açdy. Assosiasiýa türkmen alabaýlarynyň tohum aýratynlyklaryny gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek we halkara derejesinde wagyz etmek boýunça işleri alyp barýar.
Türkmen alabaýynyň baýramy milli senenamamyza goşulan täze baýramlaryň biridir. Ol ilkinji gezek 2021-nji ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilip geçildi. 2022-nji ýyldan başlap bolsa, aýratyn baýram hökmünde dabaralandyrylyp başlandy.
Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly däpleriň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu milli gymmatlygyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň möhüm subutnamasydyr. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda kemala gelen itşynaslyk däplerini geljekki nesillere ýetirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Baýramçylyk dabaralarynyň esasy wakalarynyň biri alabaýlaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklerdir. Onda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen saýlama alabaýlaryň daşky keşbi, tohum aýratynlyklary, buýruklary ýerine ýetirişi we dürli päsgelçiliklerden geçmek ukyby boýunça başarnyklaryna baha berilýär. Bäsleşikleriň ýeňijilerine hem-de olaryň seýislerine mynasyp sylaglar gowşurylýar.
Türkmen alabaýy diňe bir wepaly dost däl, eýsem, halkymyzyň taryhy, medeniýeti we milli özboluşlylygy bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem bu baýram milli mirasymyza goýulýan sarpanyň, gadymy däplere bolan hormatyň we türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýany bolup durýar.
Baýram HOJAMYRADOW
Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hukuk gözegçisi