Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan sebitinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň okuw maslahatyna gatnaşdy. Çäre Ählihytaý Kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň çakylygy boýunça guralyp, onda kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek we özara tejribe alyşmak meselelerine üns berildi.
Saparyň dowamynda türkmen wekilleri birnäçe önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän, dokma we derman senagaty ugurlarynda işleýän kompaniýalaryň işi bilen tanyşdylar. Şeýle-de Kuça şäherindäki taryhy-arheologik muzeýe baryp, Şaýa we Aksu şäherlerindäki dokma klasterleriniň önümçilik tejribesini öwrendiler.
Bu duşuşyklar kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda tejribe alyşmaga, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge we türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berdi.
Berdimyrat Rozyýew,
Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy