TK |
|
TKAMM logo
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI
08.09.2026 Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler we gazanylýan üstünlikler halkymyzyň milli buýsanjyny has-da belende göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň ösüşleriniň we rowaçlygynyň mizemez binýadydyr. Şu günler türkmen halky Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly buýsanç bilen belleýär.

Şu şanly senä bagyşlanyp, «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Garaşsyzlyk – biziň buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek boýunça dabaraly çäre geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda oba hojalygynyň ösüşlerini döredijilik eserleriniň üsti bilen giňden beýan etmekden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşanlar Watanymyzyň ösüşlerini, bereketli türkmen topragyny we milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän makalalary we goşgulary hödürlediler.

Dabaranyň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda alnyp barylýan işler we ýetilen belent sepgitler barada çykyşlar diňlenildi. Sungat ussatlarynyň Watanymyzy we Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary dabaranyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Çäräniň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary we bilelikdäki Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Garaşsyzlyk – biziň buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşigi milli buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmekde we döredijilik zehinlerini goldamakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

 

Berdimyrat ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Degişli makalalar