TK |
|
TKAMM logo
HASYL  TOÝY RYSGAL, BEREKEDIŇ TOÝY
HASYL  TOÝY RYSGAL, BEREKEDIŇ TOÝY
03.11.2026 Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

HASYL  TOÝY RYSGAL, BEREKEDIŇ TOÝY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, baýramçylyk senelerine beslenýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň milli baýramçylyklarynyň iň gadymylarynyň biri bolan Hasyl toýy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryndan we milli däp – dessurlaryndan, ilimiziň agzybirliginden, jebisliginden, zähmetsöýerliginden we halallygyndan alyp gaýdýar” diýen sözlerinden ugur alyp ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy giňden bellenip geçilýär.
Türkmeniň milli baýramlarynyň iň gadymylarynyň biri bolan Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Hasyl toýy – rysgal berekediň toýy” ady bilen dabaraly çäre geçirildi.
Dabaranyň dowamynda ýurdumyzda oba hojalygynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde önüm öndürijilere döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli çykyşlar diňlenildi.
Dabaranyň soňunda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde pudagyň Aşgabat şäherine degişli edara-kärhanalarynda dürli kärlerde uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip gelýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi A.Hojaýewa

Degişli makalalar