Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurultaýlary barada maglumat

Gurultaýlaryň taryhy

  • 1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde – I esaslandyryjy gurultaýy
  • 2001-nji ýylyň 4-nji maýynda – II gurultaýy
  • 2012-nji ýylyň 28-nji noýabrynda – III gurultaýy
  • 2013-nji ýylyň 23-nji fewralynda – nobatdan daşary IV gurultaýy
  • 2014-nji ýylyň 12-nji aprelinde – nobatdan daşary V gurultaýy bolup geçdi.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramaçylyk gurluşy

Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramaçylyk gurluşy önümçilik-pudaklaýyn we ýerli ýörelgeleriň sazlaşygyna esaslanýar we aşakdaky birleşemeleri özünde jemleýär:

  • Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalaryny;
  • Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklaryny;
  • Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmelerini;
  • Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezini.

Gurultaý Milli merkeziniň iň ýokary dolandyryş edarasydyr. Ol belli bir möhletde çagyrylýar we esasy ugurlary kesgitleýär.

Gurultaý
Milli merkeziň Merkezi derňew toparynyň hasabatlaryny diňleýär
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny we wezipelerini kesgitleýär
Milli merkeziň agzalaryny, onuň Başlygyny we Başlygynyň orunbasaryny (orunbasarlaryny) saýlaýar
TKA-nyň Merkezi derňew toparyny we onuň başlygyny saýlaýar
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyny we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew topary hakynda Düzgünnamany tassyklaýar
Tertipnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär.

Guramaçylyk gurluşy

Ýerli guramalar:

  • TKA-nyň welaýat birleşmeleri;
  • TKA-nyň Arkadag şäheriniň birleşmesi;
  • TKA-nyň şäher birleşmeleri;
  • TKA-nyň etrap birleşmeleri;

Ýolbaşçy wezipeler:

TKA-nyň çäk we şäher, etrap birleşmeleriniň başlygy we onuň orunbasary Milli merkeziň Başlygynyň buýrugy bilen wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

  • TKA-nyň Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň, welaýat, şäher, etrap guramalarynyň ýokary guramasy – konferensiýa;
  • TKA-nyň ilkinji guramalarynyň ýokary guramasy – ýygnak.