Demirýolçularyň kärdeşler arkalaşygy
Demirýolçularyň kärdeşler arkalaşygy
1899-njy ýylyň 14-nji iýulynda Zakaspiý harby demir ýoly Orta Aziýa demir ýoly diýlip atlandyrylypdyr.
1919-njy ýylyň 17-nji dekabrynda 13-nji raýonyň gullukçylarynyň bölümleýin ýeňillikli bileleşiginiň «13-nji raýon profsaýuz bölegini döretmek hakyndaky» №1 teswirnamasy bilen wagtlaýyn Poltoratskiý (häzirki Aşgabat) profsoýuz bölegi döredilipdir.
1936-njy ýylyň 1-nji iýulyndan Orta Aziýa demir ýoly Daşkent we Aşgabat demir ýollaryna bölünipdir.
1963-nji ýylyň 26-njy martyndan Daşkent we Aşgabat demir ýollarynyň Ýol profsoýuz komitetleri birleşdirilip, Aşgabat demir ýol bölüminde 1963-nji ýylyň 30-njy martyndan Aşgabat raýon profsoýuz komiteti döredilipdir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky Permany we degişli buýruk esasynda 1991-nji ýylyň noýabrynda Türkmen demir ýoly döredilipdir.
1991-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmen demir ýolynyň kärdeşler arkalaşygynyň (Дорпрофсож) ýolbaşçylary bellenilipdir.
2000-nji ýylyň 2-nji awgustyndaky TKAMM-niň №15-1 belgili Prezidium karary esasynda 2000-nji ýylyň 10-njy awgustyndan Demirýolçularyň kärdeşler arkalaşygynyň ýuridiki şahs hökmündäki hukugy ýatyrylyp, TKAMM-niň düzümine birikdirilipdir we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň düzüminde Demirýolçularyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hereket edip başlapdyr.