TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

1947-nji ýylda Gündogar Nebitçiler kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenistan Komiteti hökmünde maglumatlaşdyrylýar.

1948-nji ýylda SSSR-niň Günorta-Günbatar sebitleriniň Türkmenistan Respublikan Komiteti, şol ýyl Nebit senagaty işçileriniň Türkmenistan Respublikan Komiteti diýlip atlandyrylypdyr.

1957-nji ýylyň 20-nji awgustyndan Türkmenistanyň Respublikasynyň nebit we himiýa senagaty işgärleriniň Komiteti diýlip atlandyrylypdyr.

1957-nji ýylyň oktýabryndan 1959-njy ýylyň 20-nji martyna çenli degişli sebitleýin gurluş hereket edip, soňra ýene-de Nebit we himiýa senagaty işçileriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenistan Respublikan Komiteti diýlip atlandyrylypdyr.

1995-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Nebit we gaz senagatynyň kärdeşler arkalaşygynyň Komiteti döredilipdir.

1998-nji ýylyň 14-nji iýunynda geçirilen IV Plenumda himiýa senagaty komitetiň düzüminden çykarylyp, «Nebit, gaz we gurluşyk işçileriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenistan Komiteti» diýlip atlandyrylypdyr.

2000-nji ýylyň 2-nji awgustyndaky №15-1 belgili Prezidium karary esasynda TKAMM-niň edarasynda Nebit we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy bölümi döredilipdir.

2008-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky №20-251g belgili karara laýyklykda, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi döredilip, şol ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi diýlip atlandyrylypdyr.

Habarlar