TK |
|
TKAMM logo
UMUMYMILLI FORUMA TAÝÝARLYGYŇ ÇÄKLERINDE
27.07.2026 Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

UMUMYMILLI FORUMA TAÝÝARLYGYŇ ÇÄKLERINDE

"Türkmengaz" döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ,,Türkmenistanyň Halk Maslahaty – nurly, röwşen geljegimiziň baky sönmez çyragydyr’’ diýen şygar bilen ,,tegelek stolda’’ maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramaçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň önümçilik düzümlerinden işgärler gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew, ,,Türkmengeologiýa’’ DK-nyň Merkezi barlaghanasynyň zahmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramgözel Italmazowa, ,,Türkmengaz’’ döwlet konserniniň YBTGI-niň laboratoriýa müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjow, ,,Türkmennebit’’ DK-nyň ,,Türkmennebitönümleri’’ baş müdirliginiň baş hünärmeni Aýnazar Nurýagdyýew,  «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz we gaz kondensat känlerini işläp geçmek bölüminiň ylmy işgäri,  , Ýaş alymlar bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, KA-nyň işjeň agzasy.

 Allanur Töräýew dagy çykyş etdi.

   Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. ,,Tegelek stoluň’’ başynda geçen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini, hususan-da, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere, ýüztutmalara garamak boýunça işleri ýerine ýetirmek meselelerine seredildi.

    Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. ,,Tegelek stolda’’  bolan çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi degişli Konstitusion kanuna laýyklykda, ol demokratiýa, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň rüstemligi, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek ýaly ýörelgelere esaslanýar. Şunda türkmen jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda emele gelen gymmatlyklarynyň, häzirki döwrüň ösüşiniň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.

 Biz ýetilýän belent sepgitleriň şaýatlary bolýarys. Bu üstünlikleriň ählisi ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarly halkymyzyň maksada okgunlylygy, tutanýerli zähmeti, watansöýüjiligi netijesinde gazanyldy. Türkmenistanlylar Watanymyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanyp, umumy asylly işe saldamly goşant goşýarlar. Raýatlarymyz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga giňden çekilip, olary çözmäge işjeň gatnaşýarlar.

   Çykyş edenler ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy waka öwrüljek ählihalk forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin öz iş orunlarynda, şol sanda jemgyýetçilik guramalarynda sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy, umumymilli forum bilen bagly maslahatlary, duşuşyklary, ,,tegelek stol’’ söbetdeşlikleriniň geçirilmegi, çykyşlaryň guralmagy üçin ähli zerur işleri alyp barmakda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.  

                               Çarymuhammet Lollyýew, Türkmrnistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.