TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy / Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ynsan ömrüniň rahat…
Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ynsan ömrüniň rahatlygy
14.09.2026 Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ynsan ömrüniň rahatlygy

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we raýatlaryň ýollarda howpsuz hereketini gazanmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny, howpsuzlygyny we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Her ýylyň 1–30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Onuň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek, raýatlaryň hukuk we borçlary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli çäreler guralýar. Bu biraýlyk 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän düşündiriş çäreleri ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna we raýatlaryň howpsuzlyga jogapkärçilikli garaýşynyň kemala gelmegine ýardam berýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynda sürüjileriň taýýarlygyna hem uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda döwrebap okuw merkezleri we awtoşäherler döredilip, geljekki sürüjilere nazary we amaly bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik döredildi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe degişli edaralaryň däl, eýsem, her bir raýatyň jogapkärçiligidir. Sürüjileriň düzgünleri berjaý etmegi, pyýadalaryň bellenen ýerlerden geçmegi we beýleki gatnaşyjylara hormat goýmagy howpsuzlygyň esasy şertleridir.

Şonuň üçin «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk adamlaryň janyny we saglygyny goramakda, ýol düzgünlerine eýermek medeniýetini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda ýollaryň howpsuzlygyny we raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işler geljekde-de dowam etdiriler.

Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi  A.Hojaýewa

 

Degişli makalalar