Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy
Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy pudagy
1921-nji ýylyň iýul aýyndan 1924-nji ýylyň dekabr aýyna çenli Türkmenistanyň ýer we tokaý hojalyk işgärleriniň welaýat (oblast) kärdeşler arkalaşygy, Türkmenistanyň (TSSR-iň) deri önümçiligi işgärleriniň we gullukçylarynyň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, çörek we süýji (konditer) önümçiligi senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, maşyn-traktor stansiýasy we daýhançylyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, iýmit we süýji tagamlary senagatynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, maldarçylyk sowhozlarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryş merkezi, şeýle hem maşyn-traktor stansiýasy we ýerli guramalaryň işgärleriniň, goýundarçylyk sowhozlarynyň işgärleriniň, oba hojalyk işgärleriniň we ýer-serişdeleri işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli dolandyryş merkezleri/geňeşleri görnüşinde hereket edipdir.
1924-nji ýylyň dekabr aýyndan 1958-nji ýyla çenli Türkmenistan Respublikasynyň oba hojalyk işgärleriniň we gullukçylarynyň kärdeşler arkalaşygy hökmünde hereket edipdir.
1958-nji ýyldan 1980-nji ýyla çenli Türkmenistanyň SSR-niň oba hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti), miwe we gök önümleri taýýarlaýjy hojalygy işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti), iýmit we gaýtadan işleýän senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti), dokma we ýeňil senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti) görnüşlerinde hereket edipdir.
1980-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti) hökmünde hereket edipdir.
1986-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 1990-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi Geňeşi (Komiteti) hökmünde hereket edipdir.
1990-njy ýylyň 25-nji awgustyndan 1991-nji ýylyň 24-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi Geňeşi (Komiteti) ady bilen hereket edipdir.
1991-nji ýylyň 24-nji dekabryndan 1992-nji ýylyň 22-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň birleşmesi hereket edipdir.
1992-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndan 1995-nji ýylyň 11-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi (Komiteti) hökmünde hereket edipdir.
Habarlar
KÖPETDAGYŇ TEBIGY GÖZELLIKLERI KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Köpetdag döwlet tebigy …
KÖPETDAGYŇ TEBIGY GÖZELLIKLERINE GURALAN IŞ SAPARY
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli goraghananyň ylmy-barlag we tebigaty goramak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşmak maksady bilen meýdan iş sapary guraldy. …
«BEDEW TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY»
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýol ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda …
«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ, ÖSÜŞLI ÝOLLARYNYŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY»
Golaýda Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň …
GELJEGE ÄDILEN ÄDIM
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri at goýmak däbine uly hormat bilen garapdyr. Adamyň ady onuň şahsyýetini alamatlandyrýan ilkinji gymmatlyk hasaplanylýar. Şonuň üçin hem çagalara manyly, …
MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR
Medeniýet halkyň taryhyny, ruhy dünýäsini, milli özboluşlylygyny we dörejilik kuwwatyny özünde jemleýän beýik gymmatlykdyr. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşleriň häzirki döwründe milli medeniýeti ösdürmek, ony täze mazmun …