TK |
|
TKAMM logo
«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY –  DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ,  ÖSÜŞLI  ÝOLLARYNYŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY»
«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY –  DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ,  ÖSÜŞLI  ÝOLLARYNYŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY»
«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY –  DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ,  ÖSÜŞLI  ÝOLLARYNYŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY»
«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY –  DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ,  ÖSÜŞLI  ÝOLLARYNYŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY»
22.07.2026 Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ, ÖSÜŞLI ÝOLLARYNYŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY»

         Golaýda Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde ýurdumyzyň degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmaklarynda Arkadag şäherinde geçiren mejlisiniň gün tertibine laýyklarda öňde goýulan wezipeler barada uniwersitetiň edara binasynda pudagyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda interwýu görnüşli çykyşlar we söhbetli gepleşikler guraldy.

         Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny hem-de Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler we oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitler, öňde duran wezipeler barada giňişleýin bellenip geçildi.

               Gahryman Arkadagymyz mejlisde Hormatly Prezidentimiziň golaýda 10-njy iýulda Hormatly prezidentimiziň şu ýylyň 6 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini aýdyp bu baýramyň halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, şanly wakadygyny belläp Garaşsyzlyk baýramyny we şol günleri geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

       Milli Liderimiz öz çykyşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreleriň geçirilýändigini belläp, şu ýylyň başyndan bäri “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreleriň guralandygyny belledi. 

        Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda, degişli ýolbaşçylaryň netijeli işleri amala aşyrmalydygyny belledi.

 Geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermeklik tabşyryldy.   

      Türkmen halky her bir baýramy ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar, şu ýyl ýurdumyzyň galaçy babadaýhanlary hem sahabatly türkmen topragymyzdan yhlas bilen ýetişdirilen saçaklarymyzyň rysgal berekedi bolan guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bereketli hasylyny ýetişdirip watan harmanyna tabşyryp özleriniň meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Galaçy babadaýhanlarymyzyň bu gazanan zähmet üstünlikleri bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

 

  Berdimyrat Rozyýew

 Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň

 kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Degişli makalar