Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli goraghananyň ylmy-barlag we tebigaty goramak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşmak maksady bilen meýdan iş sapary guraldy. Sapara goraghananyň ylmy işgärleri we döwlet inspektorlary, pudaga degişli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de «Altyn asyr – Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary gatnaşdy.
Saparyň dowamynda Köpetdagyň täsin dag landşaftlary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanyşyldy. Ilkinji ugurda Uly we Kiçi Bakja derýajyklarynyň ekologiýa ähmiýeti öwrenilip, onuň töweregindäki ösümlikler we suw jandarlary syn edildi. Şeýle hem goraghananyň «Bakja ylmy-tejribe meýdançasyna» barylyp, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde goraghanada pisse, badam, türkmen arçasy, hoz, arguwan, dagdan ýaly agaçlary ösdürip ýetişdirmek ýaýratmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşyldy.
Meýdan işleriniň dowamynda goraghananyň Germap meýdançasynyň «Mürzedagy» diýilýän ýerine hem baryldy. Bu ýerde beýik arçalar, türkmen kerkawlary, dagdanlar we dürli dermanlyk ösümlikler syn edildi. Ýabany haýwanlaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen döredilen suw nowalary we hereket duýujy surat enjamlary arkaly geçirilýän gözegçilik işleri barada maglumat berildi.
Saparyň dowamynda Köpetdagyň gözel tebigaty surata düşürilip, goraghananyň biodürlüligini gorap saklamakda, tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alynyp barylýan işleri barada söhbetdeşlikler geçirildi.
1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda döredilen Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň 50 ýyllyk şanly senesi mynasybetli goraghanaň işgärlerine tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan toplumlaýyn işlerinde uly üstünlikleri arzuw edilýäris.
Berdimyrat Rozyýew
Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy