TK |
|
TKAMM logo
MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR
24.06.2026 Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR

       Medeniýet halkyň taryhyny, ruhy dünýäsini, milli özboluşlylygyny we dörejilik kuwwatyny özünde jemleýän beýik gymmatlykdyr. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşleriň häzirki döwründe milli medeniýeti ösdürmek, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýaňy yakynda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleri hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen ulgamynyň, hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Energohyzmat” birleşiginiň “Serpaý” aydym-saz toparynyň bilelikde gurnamagynda “ Magtymguly Pyragy – Türkmeniň köňül nagşy, Medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy” ady bilen aýdym sazly dabaraly söhbetdeşlik geçirildi. Arkadagly Serdarymyz: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň medeniýetimize we sungatymyza şeýle derejede uly ähmiýet bermeginiň aňrysynda uly many-mazmun bar, sebäbi medeniýet we sungat ynsanyň ruhuna nur çaýýar. Ruhy taýdan sagdyn, kämil ynsan bolsa jemgyýeti bezeýär, uly işleri durmuşa geçirmäge ukyply bolýar. Medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan işler halkymyzyň medeni baýlyklaryna doly buýsanmagyna, şahsyýetiň ruhy hem-de ahlak taýdan kemala gelmeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, durmuş ykdysady ösüşlerde medeniýetiň täsirini has-da güýçlendirmäge, döwrebap sanly tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak arkaly ulgamyň işiniň netijeliligini, hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sahawatly saýasynda uludan toýlanýan şeýle toýlarymyz hemişe toýlara ulaşsyn!  Ata Watanymyzda şeýle dabaralary bellemäge , uly şertleri mümkinçilikleri döredýän Gaharym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Gyzylgül Muhammedowa