TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy / “ÖZ KÄRINIŇ USSADY” ATLY HÜNÄR BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI…
“ÖZ KÄRINIŇ USSADY” ATLY HÜNÄR BÄSLEŞIGIŇ JEMLERINI JEMLEMEK DABARASY
“ÖZ KÄRINIŇ USSADY” ATLY HÜNÄR BÄSLEŞIGIŇ JEMLERINI JEMLEMEK DABARASY
02.11.2026 Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

“ÖZ KÄRINIŇ USSADY” ATLY HÜNÄR BÄSLEŞIGIŇ JEMLERINI JEMLEMEK DABARASY

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň foýesinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy tarapyndan bilelikde yglan eden         “Öz käriniň ussady” atly hünär bäsleşigiň jemleri jemlemek dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň maksady Awiasiýa we aragatnaşyk ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekip gelýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň iş başarnyklaryny, ýokary hünär derejesini görkezen işgärleri sylaglamakdan ybarat boldy.  Dabarada Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Awiasiýa we aragatnaşyk ulgamynda zähmet çekýän wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli taglymatlarynyň ähmiýetini we ýurdumyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bedew batly ösüşleriň beýanyny etdiler. Bäsleşigiň dowamynda “Öz käriniň ussady” atly hünär bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi we olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Dabaranyň dowamynda “Laçyn” folklor toparynyň aýdymçylary we tansçylary çykyş etdiler.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda işlemäge, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň

esasy hünärmeni  Ogulşat Kepelaýewa

 

Degişli makalalar