TK |
|
TKAMM logo
ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE
28.10.2026 Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

        “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmegi eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Sebit we yklym ähmiýetli syýasy wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň netijeli dialog üçin abraýly merkezdigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Häzirki döwürde halkara syýasat döwletara gatnaşyklarda çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri talap edýär. Awaza duşuşyklary dostlukly döwletleriň döwrüň möhüm meselelerini hut şeýle ýörelgeler esasynda çözmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Awazada syýasy çözgütleriň aň-paýhas, tehnologik we medeni-ynsanperwer binýadyny goýan çäreleriniň tutuş toplumy ýaýbaňlandyryldy.

Diplomatik çäreleriň öňüsyrasynda zenanlaryň halkara syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklardaky ornuna bagyşlanyp, “Parahatçylygy saklamakda durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy.

Şanly ýylyň taryhy wakalary biziň ählimize has-da yhlasly zähmet çekmäge, belent maksatlara ynamly ymtylmaga we halkymyzyň abadançylygy üçin döretmäge ylham berýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Watanymyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen döwletli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň

esasy hünärmeni Ogulşat Kepelaýewa

 

Degişli makalalar