Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy, milli liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, onuň peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan diýarymyz ösüşlerden ösüşe barýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistan diýarymyzyň ähli pudaklarynda ykdysadyýetde, medeniýetde, saglygy goraýyşda, ylymda, bilimde, sport ulgamynda, oba hojalyk pudagynda gazanylýan uly üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän mümkinçilikleriniň esasyndadyr. Indi, Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleriniň arasynda iň çalt depginli, agzybir halkly döwlet hökmünde tanalýar. Sebäbi döwlet derejesinde döredilýän şertleriň esasynda ähli pudaklarda uly üstünliklere ýetilýär. Ynha, türkmen halky Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk şowhun bilen bellenilip geçilýär.
2026-njy iýul aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi binasynda (tärimde) “Bagtyýar Diýarymda ýaňlansyn dutaryň sesi” atly aýdym-sazly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Altyn menzil” aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Halk artisti, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Läle Begnazarowa gatnaşdy. Ol Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Türkmenistan döwletimizde şägirt halypa ýollaryny açyp bermekde, häzirki zaman ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklarynda birnäçe şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin köp sagbolsunlaryny aýtdy. Özüniň alyp barýan kärinde dutarçy, sazanda ýaşlara öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrman işlemelidiklerini uly buýsanç bilen belledi.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Türkmenistan döwletimizi dünýä tanatmakda alyp barýan il bähbitli döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny we rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag ömürleri uzak bolsun.
Meretgül Taganmyradowa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni