TK |
|
TKAMM logo
NIDERLANDLARDA AHALTEKE ATLARYNYŇ GÖZELLIK BÄSLEŞIGI  WE ATLY SPORT BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILER
NIDERLANDLARDA AHALTEKE ATLARYNYŇ GÖZELLIK BÄSLEŞIGI  WE ATLY SPORT BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILER
07.07.2026 Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

NIDERLANDLARDA AHALTEKE ATLARYNYŇ GÖZELLIK BÄSLEŞIGI WE ATLY SPORT BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILER

Türkmen ahalteke bedewleri öz taryhy gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň milli buýsançlarynyň biri-de ahalteke bedewleri hasaplanyp olar gözelligiň mizemez nusgasy, baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydyr. Türkmen bedewi milli gymmatlyklaryň naýbaşydyr. Ahalteke bedewiniň gözelligi türkmeniň owadan daglarynyň, giň öwüşginli sähralarynyň, bal suwly çeşme-çaýlarynyň reňkinden röwüş alypdyr. Ahalteke bedewleriniň boýnunyň uzyndan inçe bolmagyny gazanmak üçin, oňa ot-iými ýörite gazylan çukurlarda beripdirler. Şeýdibem olar ot-iým iýen mahaly atlaryň boýunlaryny süýndirmegini gazanypdyrlar. Türkmen halky öz durmuşyny hiç wagt bedew atsyz göz öňüne getirmändir hem-de ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň öz halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüni, zehinini, kalbyny asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eserleri döretmeklik mümkindir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge we ony terbiýelemäge aýratyn uly üns berilýär. Dünýäniň çar künjinden gelen myhmanlar ahalteke bedewlerimiziň owadanlygyny görüp haýran galýarlar. Ýurdumyzda aklateke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Ynha,  2026-njy ýylyň     4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk toplumynda atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler. Gözellik bäsleşigi we ýaryşlar bilen bir hatarda meýilnama laýyklykda ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak, köpeltmek we dünýäde wagyz etmek meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle-de türkmen medeniýetine, senetçilige we däp-dessurlaryna bagyşlanan sergi hem guralar. Ol ýerde geljek myhmanlara atçylyk ulgamynda gazanylan üstünlikler, seçgi işleri we atlaryň genofondyny gorap saklamak baradaky materiallar, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli şaý-sepler, at esbaplary, suratlar we beýlekiler görkeziler. Şeýle-de çäräniň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary üçin aýratyn meýdança taýýarlanylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri hem çykyş eder.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenýän günlerinde Türkmenistanyň  Medeniýet,  sport,  syýahatçylyk  we jemgyýetçilik guramalarynyň  işgärleriniň  kärdeşler  arkalaşygynyň  Geňeşi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty we “Altyn asyr:Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda 2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Dünýä ady dolýan, gözellikde saýlanýan ahalteke bedewleri” atly tegelek stoldaky söhbetdeşlik geçirildi. Bu dabaraly çärede çykyş edenler ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitler we ösüşleri barada çuň manyly çykyş etdiler.

Türkmenistan döwletimizi dünýä tanatmakda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize  alyp barýan il bähbitli döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny we rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

 

Ogulşat Geldiýewa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň  Geňeşiniň hukuk gözegçisi.

Degişli makalar