Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly tagallalary netijesinde Garaşsyz baky, Bitarap Türkmenistan tanalmaz derejede özgerýär, eziz Diýarymyz beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda iň möçberli döwletli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewililigini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.
Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Teatrlar, kitaphanalar muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüliligini aýawly saklamaga gönükdirilendir.
Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasy, senetçilik, ussaçylyk däpleri, amaly-haşam sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen bu ugurda halkara derejede amala aşyrylýan tagallalara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, raýatlary il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülik çäreler yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde üstünlikli geçirilýän Medeniýet günleri dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň sygryýet güni milli medeniýetimiziň gül açýan zamanasynda şeýle ajaýyp toýlaryň toýlanylmagy ynsan ykballaryna ruhy lezzet paýlaýar. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär.
Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimizde abadan durmuşda ýaşadýan milli medeniýetimizi has-da belent derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerimizi beýan edýäris. Goý olaryň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerinde üstünlikler arzuw edýäris.
Meretgül Taganmyradowa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni