| RU |
TKAMM logo
HALK MASLAHATYNYŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERI
30.07.2026 Профсоюз работников строительства и промышленности

HALK MASLAHATYNYŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERI

 Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty barada söz açylanda, degişli Konstitusion kanuna laýyklykda, ol demokratiýa, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň rüstemligi, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek ýaly ýörelgelere esaslanýar. Şunda türkmen jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda emele gelen gymmatlyklarynyň, häzirki döwrüň ösüşiniň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.

 Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 2026-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Maslahat köşgi» köşgünde geçirilmegi bellenildi. Ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi. Häzirki wagtda ol degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.       

 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gysga taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistanda döwleti dolandyrmagyň demokratiýa we hukuga esaslanýan ygtybarly nusgasy döredildi. Jemgyýetiň her bir agzasynyň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala geldi. Geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan işler esasynda halkyň we hökümetiň, döwletiň we raýatyň arasynda mizemez arabaglanyşyk üpjün edildi. Türkmen halky Watanymyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanyp, umumy asylly işe saldamly goşant goşýarlar. Raýatlarymyz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga giňden çekilip, olary çözmäge işjeň gatnaşnaşarlar. Şeýlelikde, nobatdaky Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň senenamasyna aýdyň sahypalary ýazmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmeginiň ýolunda möhüm ädime öwrüler.Ýurdumyzda her bir adam hakynda taýsyz aladalary we ýadawsyz tagallalary edýän milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymy bildirýärin.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli amala aşyrýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow

Degişli makalar

Международная выставка-ярмарка «Kids EXPO: всё для детей» — праздник счастливого детства, светлого будущего и новых возможностей
20.08.2026

Международная выставка-ярмарка «Kids EXPO: всё для детей» — праздник счастливого детства, светлого будущего и новых возможностей

В год Эры возрождения новой эпохи могущественного государства «Независимый, постоянно Нейтральный Туркменистан — край крылатых …

«Kids EXPO: всё для детей» — торжество счастливого детства
20.08.2026

«Kids EXPO: всё для детей» — торжество счастливого детства

В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства в нашей стране проводится масштабная работа, направленная на …

ГОСУДАРСТВЕННЫЕ ПРИНЦИПЫ ХАЛК МАСЛАХАТЫ
19.08.2026

ГОСУДАРСТВЕННЫЕ ПРИНЦИПЫ ХАЛК МАСЛАХАТЫ

Халк Маслахаты является высшим представительным органом народной власти, действующим в соответствии с Конституцией Туркменистана. Говоря …

БЕЗОПАСНОСТЬ И ОХРАНА ТРУДА — НАША ГЛАВНАЯ ЦЕЛЬ
24.06.2026

БЕЗОПАСНОСТЬ И ОХРАНА ТРУДА — НАША ГЛАВНАЯ ЦЕЛЬ

Под мудрым руководством уважаемого Президента эра Возрождения новой эпохи могущественного государства ознаменована большими успехами, радостными …