| RU |
TKAMM logo
HALKARA HUKUGYNYŇ ÝÖRELGELERI - PARAHATÇYLYGYŇ ESASY SÜTÜNI
07.08.2026 Профсоюз работников культуры, спорта, туризма и общественных организаций

HALKARA HUKUGYNYŇ ÝÖRELGELERI - PARAHATÇYLYGYŇ ESASY SÜTÜNI

Golaýda Birleşen  Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy.

Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen  Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde       2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmegi teklip edipdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň adyndan beýan eden bu möhüm teklibi biragyzdan goldanyldy.

Resminama şu ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen  Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde kabul edildi.

Kararnamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň halkara hukugy çygryndaky başlangyçlaryny açyp görkezmek bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Olaryň hatarynda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek,  2026-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutuldy.

 Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly: parahatçylygyň we agzybirligiň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýeti maslahatlaşyldy.

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 6-na Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň  Medeniýet,  sport,  syýahatçylyk  we jemgyýetçilik guramalarynyň  işgärleriniň  kärdeşler  arkalaşygynyň  Geňeşiniň işgärleri we pudaga degişli işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda “2028-nji ýyl  – Halkara hukuk ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Halkara hukugynyň ýörelgeleri – parahatçylygyň esasy sütüni” atly söhbetdeşligi geçirildi.

 

 

Ogulşat Geldiýewa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň  Geňeşiniň hukuk gözegçisi

Похожие статьи

СОСТОЯЛАСЬ АГИТАЦИОННО-ПРОСВЕТИТЕЛЬСКАЯ ВСТРЕЧА
25.09.2026

СОСТОЯЛАСЬ АГИТАЦИОННО-ПРОСВЕТИТЕЛЬСКАЯ ВСТРЕЧА

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства в нашей стране особое значение придается агитационно-просветительским мероприятиям, …

ПУСТЬ ЗВУЧИТ ДУТАР В МОЕМ СЧАСТЛИВОМ КРАЕ
08.07.2026

ПУСТЬ ЗВУЧИТ ДУТАР В МОЕМ СЧАСТЛИВОМ КРАЕ

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства, в год «Кладезь разума Махтумкули Фраги»*, под руководством …

ВЕЧНОЕ СИЯНИЕ СЧАСТЬЯ
07.07.2026

ВЕЧНОЕ СИЯНИЕ СЧАСТЬЯ

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства наша страна под руководством уважаемого Президента Аркадаглы Героя-Сердара …

В НИДЕРЛАНДАХ ПРОЙДУТ КОНКУРС КРАСОТЫ АХАЛТЕКИНСКИХ КОНЕЙ И СОРЕВНОВАНИЯ ПО КОННОМУ СПОРТУ
07.07.2026

В НИДЕРЛАНДАХ ПРОЙДУТ КОНКУРС КРАСОТЫ АХАЛТЕКИНСКИХ КОНЕЙ И СОРЕВНОВАНИЯ ПО КОННОМУ СПОРТУ

История туркменских ахалтекинских скакунов уходит своими корнями в глубокую древность. Будучи одной из главных национальных …

ПОДВЕДЕНЫ ИТОГИ КОНКУРСА «ВЕСЕЛЫЕ НАХОДЧИВЫЕ»
24.06.2026

ПОДВЕДЕНЫ ИТОГИ КОНКУРСА «ВЕСЕЛЫЕ НАХОДЧИВЫЕ»

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства, в год «Кладезь разума Махтумкули Фраги»*, под руководством …