| RU |
TKAMM logo
KÖPETDAGYŇ TEBIGY GÖZELLIKLERI  KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
20.08.2026 Профсоюз работников агропромышленного комплекса

KÖPETDAGYŇ TEBIGY GÖZELLIKLERI KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat «Köpetdagyň tebigy gözellikleri» ady bilen goraghananyň edara binasynda guraldy.

Dabaraly maslahatda tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak, ýurdumyzyň biodürlüligini goramak, seýrek duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygynyň bellenilmegi hem ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýetilen üstünlikleriň, toplanan baý tejribäniň we geljek üçin kesgitlenen möhüm wezipeleriň özboluşly beýany boldy.

Ýubileý mynasybetli ýylyň dowamynda Köpetdagyň täsin tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyny giňden wagyz etmek, ýaş nesilde tebigata söýgi we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endiklerini kemala getirmek maksady bilen dürli çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda düşündiriş işleri, duşuşyklar, sergiler, medeni-durmuş çäreleri we tebigaty goramak boýunça wagyz-nesihat çäreleri aýratyn orun eýeledi.

Köpetdagyň özboluşly tebigy landşaftlary, baý ösümlik örtügi we dürli görnüşli haýwanat dünýäsi ýurdumyzyň tebigy mirasynyň gymmatly bölegidir. Bu baýlyklary goramak, olaryň tebigy ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmek we biodürlüligi geljek nesillere ýetirmek her bir raýatyň möhüm borjudyr.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ýarym asyrlyk taryhyna, goraghanada alnyp barylýan ylmy-gözleg we tebigaty goraýyş işlerine, şeýle hem onuň ekologiýa ulgamyndaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem tebigaty goramak boýunça döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada bellenildi.

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygy diňe bir şanly senäniň dabarasy bolman, eýsem tebigata bolan söýgini, ony goramak baradaky jogapkärçiligi we geljek nesiller üçin ýaşyl hem-de arassa gurşawy üpjün etmek maksadyny dabaralandyrýan möhüm waka boldy.

Köpetdagyň täsin tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak – tebigy mirasymyza eýe çykmakdyr. Tebigaty goramak bolsa geljegimizi goramakdyr.

Baýram Hojamyradow,

Türkmenistanyň Agrosenagat  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hukuk gözegçisi.

Похожие статьи

ТУРКМЕНСКИЙ АЛАБАЙ — НАША НАЦИОНАЛЬНАЯ ГОРДОСТЬ
23.10.2026

ТУРКМЕНСКИЙ АЛАБАЙ — НАША НАЦИОНАЛЬНАЯ ГОРДОСТЬ

Праздник туркменского алабая торжественно отмечается в каждое последнее воскресенье октября. Этот праздник, посвященный алабаям — …

УКРЕПЛЯЮТСЯ ТУРКМЕНО-КИТАЙСКИЕ ДРУЖЕСКИЕ И БРАТСКИЕ ОТНОШЕНИЯ
22.10.2026

УКРЕПЛЯЮТСЯ ТУРКМЕНО-КИТАЙСКИЕ ДРУЖЕСКИЕ И БРАТСКИЕ ОТНОШЕНИЯ

Делегация Национального центра профсоюзов Туркменистана приняла участие в обучающем семинаре представителей профсоюзов стран Центральной Азии, …

СОСТОЯЛОСЬ МЕРОПРИЯТИЕ, ПОСВЯЩЕННОЕ 35-ЛЕТИЮ НЕЗАВИСИМОСТИ
15.09.2026

СОСТОЯЛОСЬ МЕРОПРИЯТИЕ, ПОСВЯЩЕННОЕ 35-ЛЕТИЮ НЕЗАВИСИМОСТИ

Советом профсоюза работников агропромышленного комплекса Туркменистана при участии активных членов профсоюза из отраслевых учреждений и …

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ynsan ömrüniň rahatlygy
14.09.2026

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ynsan ömrüniň rahatlygy

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we raýatlaryň ýollarda howpsuz hereketini gazanmak …

08.09.2026

ОБЪЯВЛЕНЫ ПОБЕДИТЕЛИ КОНКУРСА

Масштабная работа и достигнутые успехи, претворяемые в жизнь в нашей Независимой Отчизне под мудрым руководством …