2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça eden taryhy çykyşyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen “Türkmenistanyň halk maslahaty – Geňeşli iliň döwletli ýoly” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda şöhratly pederlerimiziň toplan baý taryhy tejribesine esaslanyp, döwleti dolandyrmagyň ygtybarly binýady bolan demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýadynyň döredilendigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Halk Maslahaty ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin täze teklipleriň üstünde işlemeli. Esasy maksadymyz bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdyr” diýen sözleri maslahata gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek üçin düýpli taýýarlyk işlerine girişilendigi, şeýle hem Milli Liderimiziň başyny başlan içeri we daşary syýasatynyň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtady.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Perhatmuhammet Öwezow, Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy