2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasy tarapyndan bilelikde guralan bu halkara çäre zähmetkeşleriň hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramak, halkara zähmet standartlaryny ilerletmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlandy.
Halkara maslahata BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara konfederasiýasynyň, Bütindünýä kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Mongoliýanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň 40-a golaý wekili gatnaşdy.
Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna we amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Soňra halkara ylmy-amaly maslahatyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.
Maslahatyň «Durnukly ösüşi we durmuş durnuklylygyny üpjün etmegiň guraly hökmünde durmuş gepleşikleri» atly umumy mejlisinde gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, mynasyp we inklýuziw iş şertlerini üpjün etmek, işgärleriň hukuklaryny goramak boýunça öz ýurtlarynda alnyp barylýan işler we gazanylan netijeler barada çykyş etdiler.
Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini üç bölümçede dowam etdirdi. «Mynasyp zähmeti we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň häzirki zaman orny», «Halkara zähmet standartlary durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň binýady hökmünde» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly bölümçelerde zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, işgärleriň hukuklaryny we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy J. Garajaýew hem halkara ylmy-amaly maslahatyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly bölümçesinde giňişleýin çykyş etdi. Ol öz çykyşynda kärdeşler arkalaşyklarynyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ornuna, zähmetkeşleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdaky ähmiýetine ünsi çekdi.
Halkara ylmy-amaly maslahat dürli ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň arasynda özara tejribe alyşmak, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy. Şeýle halkara çäreler Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Maral DURDYÝEWA,
Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň
Geňeşiniň esasy hünärmeni